[1] Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.
[2] Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin, Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin. Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi ähli zatdan beýgeltdiň.
[3] Çagyran günümde Sen jogap berdiň, janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.
[4] Ýa Reb, ýer ýüzüniň ähli şalary Saňa şükür edýärler, çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.
[5] Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar, çünki Rebbiň şöhraty beýik.
[6] Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar, emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.
[7] Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.
[8] Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.