Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:33

[1] Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi.

[2] Patyşa Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Dandan Beýerşeba çenli ysraýyl tireleriniň ählisine aýlanyp, olary hasaba alyň, maňa ilatyň sany gerek» diýdi.

[3] Emma Ýowap patyşa ýüzlenip: «Goý, şa hezretlerimiň gözüniň alnynda Hudaýyň Reb halkyňyň sanyny ýüz esse köpeltsin! Ýöne şa hezretlerine beýle etmek nämä gerek bolduka?!» diýdi.

[4] Ýöne patyşanyň sözi Ýowabyňkydan hem-de goşunbaşylardan üstün geldi. Şunlukda, Ýowap bilen goşunbaşylar ysraýyl halkynyň hasabyny almak üçin patyşanyň ýanyndan ugradylar.

[5] Olar Iordan derýasyndan geçip, Arogerde jülgäniň ortasyndaky galanyň günortasynda düşelge gurdular. Soňra olar Gatda ýerleşýän Ýazer tarapa gitdiler.

[6] Olar Gilgada we hetleriň ýurdy bolan Kadeşe bardylar. Soňra Danýagana, ol ýerden bolsa Sidonyň töwereklerine bardylar.

[7] Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.

[8] Şeýdip, olar bütin ýurdy aýlanyp, dokuz aý ýigrimi gün diýlende Iýerusalime dolanyp geldiler.

[9] Ýowap ilat ýazuwynyň netijesi bilen patyşany habardar etdi: Ysraýylyň eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany sekiz ýüz müň, Ýahudanyňky bolsa bäş ýüz müň adam bolup çykdy.

[10] Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.

[11] Ertesi irden Dawut entek turmanka, Dawudyň görgüri Gat pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[12] «Dawudyň ýanyna bar-da: „Reb seniň öňüňde üç şert goýýar; birini saýla, Ol şony hem amala aşyrjak“ diýip aýt».

[13] Gat muny Dawuda aýtdy we oňa: «Ýurduňa ýedi ýyl açlyk gelsinmi ýa üç aýlap duşmanlaryňa kowduryp, olardan gaçyp gezjekmi, ýa-da ýurduňa üç günläp gyrgyn keseli gelsinmi? Pikir et-de, belli karara gel; meni iberen Rebbe berjek jogabyňy aýt» diýdi.

[14] Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.

[15] Reb ir säherden başlap, tä bellenen möhlet dolýança, Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi. Dandan Beýerşeba çenli aralykda ýaşaýan ilatdan ýetmiş müň adam bu keseliň pidasy boldy.

[16] Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.

[17] Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.

[18] Şol gün Gat Dawudyň ýanyna baryp: «Bar, ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gur» diýdi.

[19] Gatyň sözlerine eýerip, Dawut Rebbiň emri bilen çykyp gitdi.

[20] Patyşanyň adamlary bilen bile özüne tarap gelýändigini Arawna gördi; öňlerinden çykyp, iki bükülip, patyşa tagzym etdi.

[21] Soňra ol: «Şa hezretleri näme sebäpden gulunyň ýanyna geldikä?» diýdi. Dawut: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmak üçin, seniň harman ýeriňi satyn almaga geldim. Şeýdip, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar» diýdi.

[22] Arawna Dawuda şeýle diýdi: «Şa hezretleri ony alsyn-da, islän zadyny gurbanlyk bersin. Ine, ýakma gurbanlygy üçin öküzler, ine-de odun üçin döwek döwýän gurallardyr öküzleriň boýuntyryklary.

[23] Eý, patyşa, şu zatlaryň hemmesini Arawna size berýär. Goý, Hudaýyň Reb senden razy bolsun».

[24] Emma patyşa oňa: «Ýok, men olaryň bahasyny tölejek. Mugt düşen zady Hudaýym Rebbe gurbanlyk berjek däl» diýdi. Şunlukda, Dawut harman ýeri bilen öküzleri elli kümüş teňňä satyn aldy.

[25] Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.

2 Şamuwel — Chapters