[1] Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy.
[2] Şonda onuň köşk emeldarlary oňa: «Siziň alyhezretiňiz, siziň üçin bir ýaş boý gyz gözlesinler; ol gyz patyşanyň huzurynda durup, oňa hyzmat etsin, jenabym patyşa golaý ýatyp, ony gyzdyrsyn» diýdiler.
[3] Şeýdip, olar tutuş Ysraýylda görmegeý, boý gyzyň gözlegine çykdylar we şunemli Abyşag atly bir gyzy tapyp, ony patyşanyň huzuryna getirdiler.
[4] Gyz gaty görmegeýdi. Ol patyşa seretdi, oňa hyzmat etdi, ýöne patyşa oňa ýanaşmady.
[5] Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalaryny, söweş arabaly esgerleri hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady.
[6] Kakasy Dawut hiç haçan oňa: «Näme üçin beýle etdiň?» diýmändi. Adonyýa Abşalomdan soň doglan gaty görmegeý oglandy.
[7] Adonyýa Seruýanyň ogly Ýowap we Abýatar ruhany bilen dil düwüşdi. Şeýdip, ol ikisi Adonyýanyň tarapynda boldy.
[8] Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.
[9] Adonyýa Eýnrogeliň golaýyndaky Ýylan gaýanyň ýanynda goýunlary, semiz öküzçeleri we mallary gurbanlyk berip, ähli doganlaryny, patyşanyň ogullaryny, Ýahudanyň ähli köşk emeldarlaryny çagyrdy.
[10] Emma ol Natan pygamberi-de, Benaýany-da, Dawudyň batyr ýigitlerini-de, öz dogany Süleýmany-da çagyrmady.
[11] Soňra Natan pygamber Süleýmanyň ejesi Batşeba şeýle diýdi: «Sen Hagytyň ogly Adonyýanyň patyşa bolandygyny we jenabymyz Dawudyň mundan habarynyň ýokdugyny eşitmediňmi?
[12] Indi men saňa ogluň Süleýman ikiňiziň öz janyňyzy halas etmegiňiz üçin bir maslahat bereýin.
[13] Sen dessine Dawut patyşanyň ýanyna git-de, ondan: „Eý, jenabym, sen menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar diýip, maňa ant içmediňmi näme? Onda näme üçin häzir Adonyýa patyşalyk edýär?“ diýip soragyn.
[14] Onsoň sen şol ýerde patyşa bilen gepleşip durkaň, men seniň yzyňdan girip, seniň aýdanlaryňy tassyklaryn».
[15] Şeýdip Batşeba patyşanyň içki otagyna geldi. Patyşa gaty garrapdy; şunemli Abyşag oňa seredýärdi.
[16] Batşeba patyşanyň öňünde dyza çöküp tagzym etdi. Patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady.
[17] Batşeba oňa: «Eý, meniň jenabym: „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, maňa Hudaýyň Rebden ant içipdiň.
[18] Emma häzir Adonyýa patyşalyk edýär, seniň bu zatlardan habaryň ýok.
[19] Ol birtopar semiz öküzçeleri, mallary hem-de goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ähli ogullaryny, Abýatar ruhanyny, goşun serkerdesi Ýowaby çagyrdy, ýöne ol guluň Süleýmany çagyrmady.
[20] Eý, jenabym, häzir bütin ysraýyl halkynyň gözi sendedir. Sen jenabymdan soň, onuň tagtynda kimiň oturmalydygyny olara aýt.
[21] Ýogsam jenabym dünýäden ötenden soň, men we oglum Süleýman etmişli saýylarys» diýdi.
[22] Batşeba patyşa bilen gepleşip durka, Natan pygamber geldi.
[23] Patyşa: «Natan pygamber şu ýerde» diýip habar berdiler. Ol patyşanyň huzuryna geldi we ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.
[24] Natan oňa şeýle diýdi: «Eý, jenabym, sen: „Menden soň Adonyýa patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip aýtdyňmy näme?
[25] Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.
[26] Ýöne Adonyýa men guluňy, Sadok ruhanyny, Ýehoýadanyň ogly Benaýany we guluň Süleýmany çagyrmady.
[27] Eger bu iş jenabym patyşanyň tabşyrygy boýunça bolan bolsa, onda näme üçin gullaryňa jenabym patyşadan soň tagtda kimiň oturmalydygyny aýtmadyň?»
[28] Dawut patyşa: «Batşebany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Batşeba patyşanyň huzuryna gelip, onuň öňünde durdy.
[29] Patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Janymy her muşakgatdan gutaran Reb muňa şaýatdyr:
[30] „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, Ysraýyl Hudaýy Rebden içen antymy bu gün hökman berjaý ederin».
[31] Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.
[32] Dawut patyşa: «Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Olar patyşanyň huzuryna geldiler.
[33] Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň.
[34] Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.
[35] Siz onuň yzy bilen gelersiňiz, ol gelsin-de, meniň tagtymda otursyn we meniň ýerime patyşa bolsun. Çünki men ony Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşasy edip belledim» diýdi.
[36] Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip, şeýle diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin.
[37] Reb jenabym bilen bolşy ýaly, Süleýman bilen hem bolup, onuň şalygyny jenabym Dawut patyşanyň şalygyndan-da has gülletsin».
[38] Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler.
[39] Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar.
[40] Olar tüýdük çalyp, şatlanyp, gygyryşyp, Süleýmanyň yzy bilen gitdiler. Olaryň sesi ýeri sarsdyrdy.
[41] Adonyýa bilen onuň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary iýip-içip bolanlaryndan soň muny eşitdiler. Ýowap surnaý sesini eşidip: «Şäherdäki bu şowhun nämekä?» diýdi.
[42] Ol gepläp durka, Abýatar ruhanynyň ogly Ýonatan geldi. Adonyýa: «Giriber, çünki sen hormatlanýan adamsyň, hoş habar getirensiň» diýdi.
[43] Ýonatan Adonyýa şeýle diýdi: «Ýok, beýle däl, jenabymyz Dawut patyşa Süleýmany patyşa etdi.
[44] Patyşa Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany, keretleri, peletleri onuň bilen iberdi. Olar ony patyşanyň gatyryna mündürdiler.
[45] Sadok ruhany bilen Natan pygamber onuň başyna ýag guýup, ony Gihonda patyşalyga bellediler. Şol ýerden olar şatlanyşyp, gygyryşyp şähere tarap gaýtdylar. Bu adamlaryň şowhunly sesleridir. Siziň eşiden şowhunyňyz şoldur.
[46] Süleýman patyşalyk tagtynda oturýar.
[47] Patyşanyň emeldarlary jenabymyz Dawut patyşany mübärekläp: „Goý, Hudaýyň Süleýmanyň adyny seniň adyňdan-da meşhur etsin, onuň şalygyny seniň şalygyňdan-da has gülletsin“ diýdiler. Patyşa hem düşeginiň üstünden Hudaýa sežde etdi.
[48] Patyşa dowam edip, şeýle dileg etdi: „Şu gün gözümiň açyklygynda meniň perzentlerimiň birine tagtymy beren, Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun“».
[49] Onsoň Adonyýanyň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary gorkuşyp, ýerlerinden turup, hersi öz ýoluna gitdi.
[50] Adonyýa Süleýmandan gorkusyna, dessine Rebbe ýüz tutulýan çadyra gidip, özüni goramak üçin, şol ýerdäki gurbanlyk sypasynyň çykyp duran şahlaryndan ýapyşdy.
[51] Süleýmana şeýle habar berdiler: «Ine, Adonyýa Süleýman patyşadan gorkýar, ol gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşyp: „Goý, Süleýman patyşa şu gün öz guluny öldürmejekdigi barada maňa ant içsin“ diýýär».
[52] Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler».
[53] Şeýdip, Süleýman patyşa onuň yzyndan adam iberip, ony gurbanlyk sypasyndan getirtdi. Ol gelip, Süleýman patyşa tagzym etdi. Süleýman hem oňa: «Bar, öýüňe gaýt» diýdi.