[1] Birnäçe wagt geçenden soň, guraklygyň üçünji ýylynda, Reb Ylýasa şeýle diýýär: «Bar, Ahabyň ýanyna git; Men ýurda ýagyş ýagdyrjak».
[2] Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy.
[3] Ahap köşgi dolandyrýan Abadýany çagyrdy. (Abadýa bütin kalby bilen Rebbe ybadat edýärdi. Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürýärkä, Abadýa ýüz pygamberi äkidip, elli-elliden iki gowakda gizläp, çörek, suw bilen üpjün edipdi.)
[5] Onsoň Ahap Abadýa şeýle diýdi: «Sen git-de, ýurduň bütin çeşmelerine, bütin ýaplaryna aýlan, belki, ot tapyp, atlary, gatyrlary we mal-garany horlamarys».
[6] Şeýdip, olar aýlanmak üçin ýurdy öz aralarynda paýlaşdylar. Ahabyň we Abadýanyň hersi bir tarapa gitdiler.
[7] Abadýa ýolda Ylýas pygambere duşdy. Abadýa ony tanap, öňünde baş egip, oňa şeýle diýdi: «Jenabym Ylýas, bu senmisiň?»
[8] Ylýas oňa: «Hawa, bu mendirin, bar, sen git-de, öz jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt» diýdi.
[9] Abadýa oňa şeýle jogap berdi: «Guluňy Ahabyň eline berip öldüreriň ýaly men näme günä etdim?
[10] Hudaýyň Rebden ant içýärin, jenap patyşanyň seni idäp, adam ibermedik ýurdy galmady. Her ýurduň baştutany: „Ylýas bu ýurtda däl“ diýip habar berende, Ahap oňa ant içirdi.
[11] Ýöne häzir sen maňa: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt“ diýýärsiň.
[12] Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.
[13] Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?
[14] Sen indi: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt diýýärsiň“. Ol meni hökman öldürer».
[15] Ylýas: «Gulluk edýän Hudaýym Hökmürowan Rebden ant içýärin, men şu gün oňa hökman görnerin» diýdi.
[16] Şeýdip, Abadýa Ahabyň ýanyna gidip, oňa Ylýas barada habar berdi. Ahap Ylýas pygamberiň ýanyna gitdi.
[17] Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi.
[18] Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz.
[19] Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».
[20] Şeýdip, Ahap bütin ysraýyl halkyna çaparlar ýollap, ähli pygamberleri Karmel dagyna ýygnady.
[21] Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.
[22] Soňra Ylýas halka şeýle diýdi: «Rebbiň pygamberlerinden men, diňe men galdym, ýöne Bagalyň pygamberleri dört ýüz ellidir.
[23] Goý, bize iki öküz bersinler. Bagalyň pygamberleri bir öküzi saýlap alyp, ony dograp, odunyň üstünde goýsunlar, ýöne ot ýakmasynlar; men hem beýleki öküzi taýýarlap, ony odunyň üstünde goýaryn, ýöne ot ýakmaryn.
[24] Onsoň siz öz hudaýyňyza, men hem Rebbe dileg ederin. Haýsy hudaý ot bilen jogap berse, şol hakyky Hudaýdyr». Bütin halk bu pikiri makullady.
[25] Onsoň Ylýas Bagal butunyň pygamberlerine şeýle diýdi: «Özüňize bir öküz saýlaň-da, siz ony öňürti taýýarlaň, çünki siz köp. Onsoň hudaýyňyza dileg ediň, ýöne ot ýakmaň».
[26] Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.
[27] Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýdi: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukudadyr, ony oýarmak gerekdir».
[28] Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaraladylar.
[29] Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.
[30] Onsoň Ylýas bütin halka: «Meniň ýanyma geliň» diýdi. Olar onuň ýanyna geldiler. Ylýas ilki bilen Rebbiň ýykylan gurbanlyk sypasyny dikeltdi.
[31] Ylýas Ýakubyň ogullarynyň tireleriniň sanyna görä on iki sany daş aldy, çünki Ýakuba Rebbiň «Seniň adyň Ysraýyl bolar» diýen sözi gelipdi.
[32] Ol şol daşlardan Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň töwereginde iki kersen tohum sygjak çukur gazdy.
[33] Ondan soň ol odunlary bir ýere üýşürip, öküzi soýup bölekledi-de, olary odunlaryň üstünde goýdy. Soňra ol: «Dört çelegi suwdan dolduryň-da, olary ýakma gurbanlygynyň üstüne we odunlaryň üstüne döküň» diýdi.
[34] Ylýas pygamber: «Muny ýene bir gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy ikinji gezek gaýtalap guýdular. Ol: «Muny üçünji gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy üçünji gezek guýdular.
[35] Şeýdip, suw gurbanlyk sypasynyň töweregine akyp, çukury doldurdy.
[36] Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.
[37] Dilegimi eşit, ýa Reb, maňa jogap ber! Bu halk Sen Rebbiň Hudaýdygyňy we olary yzlaryna, Özüňe çagyrýandygyňy bilsin».
[38] Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrdy, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady.
[39] Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Reb Hudaýdyr! Reb Hudaýdyr!» diýdi.
[40] Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýdi. Adamlar olaryň baryny tutdular. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürdi.
[41] Ylýas Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýdi.
[42] Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy.
[43] Ylýas pygamber öz hyzmatkärine: «Bar, deňze tarap seret» diýdi. Hyzmatkär deňze tarap seretdi-de: «Ol ýerde görünýän zat ýok» diýdi. Ol hyzmatkärine şol bir hereketi ýedi gezek gaýtalamagy buýurdy.
[44] Ýedinji gezekde hyzmatkär: «Seret, deňizden eliň aýasy kimin bir bölejik bulut ýokary galyp barýar» diýdi. Onsoň Ylýas pygamber hyzmatkärine: «Git-de, Ahaba at arabasyny taýýarlap, öýüne gitmegini tabşyr, ýogsam ýagyş ony ýolundan saklar» diýdi.
[45] Bir salymdan soň asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, ýel turup, güýçli ýagyş ýagdy. Ahap arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gitdi.
[46] Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.