Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 10:51

[1] Üç ýyllap Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda hiç hili uruş bolmady.

[2] Üçülenji ýyl Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna geldi.

[3] Ysraýyl patyşasy Ahap öz adamlaryna: «Siz Ramotgilgadyň bize degişlidigini bilýärsiňizmi? Ramotgilgady Siriýa patyşasynyň elinden almak üçin biz entek hiç zat edemzok» diýdi.

[4] Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat ysraýyl patyşasyna: «Menem, halkam, atlaram seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.

[5] Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi.

[6] Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.

[7] Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.

[8] Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.

[9] Onsoň ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi.

[10] Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samariýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler.

[11] Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şuny jar etdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“».

[12] Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.

[13] Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa biragyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.

[14] Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.

[15] Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da etmälimi?» diýip sorady. Mikaýa: «Hüjüm et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi.

[16] Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.

[17] Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».

[18] Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapada: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.

[19] Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.

[20] Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.

[21] Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“.

[22] Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.

[23] Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».

[24] Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.

[25] Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.

[26] Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna, galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber.

[27] Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».

[28] Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.

[29] Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler.

[30] Ysraýyl patyşasy Ýehoşapada: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi.

[31] Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.

[32] Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy.

[33] Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar.

[34] Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýylyň patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi.

[35] Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Patyşa öz söweş arabasynda siriýalylara tarap bakyp durdy. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içi bilen aşaklygyna syrygyp akýardy; ol agşamara öldi.

[36] Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.

[37] Şeýdip, patyşa öldi. Ahap patyşany Samariýa getirip, şol ýerde jaýladylar.

[38] Ahabyň söweş arabasyny bolsa Samariýa howzunyň başynda ýuwdular. Lolular hem şol howuzda suwa düşerdiler. Rebbiň ähli aýdanlary berjaý boldy: itler onuň ganyny ýalady.

[39] Ahabyň galan işleri, ähli eden işleri, pil dişinden guran köşgi we ähli guran galalary barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

[40] Şeýdip, Ahap ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ahazýa onuň ýerine patyşa boldy.

[41] Ysraýyl patyşasy Ahabyň şalygynyň dördünji ýylynda Asanyň ogly Ýehoşapat Ýahuda patyşa boldy.

[42] Ýehoşapat Ýahuda patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Azuba. Ol Şilhiniň gyzydy.

[43] Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.

[44] Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.

[45] Ýehoşapadyň galan işleri, görkezen gaýduwsyzlygy we eden söweşleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

[46] Ýehoşapat kakasy Asanyň günlerinde goýbolsun edilen seždegähleriň azgyn erkekleriniň galanyny ýurtdan doly ýok etdi.

[47] Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy.

[48] Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady.

[49] Şonda Ahabyň ogly Ahazýa Ýehoşapada: «Goý, meniň adamlarym seniň adamlaryň bilen gämilerde gitsinler» diýdi. Emma Ýehoşapat munuň bilen razylaşmady.

[50] Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol atasy Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onuň ornuna ogly Ýehoram patyşa boldy.

[51] Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ahabyň ogly Ahazýa Samariýada Ysraýyla patyşa boldy; ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.

[52] Ahazýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, öz ejesiniň, kakasynyň hem-de Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň ýollaryndan ýöredi.

[53] Ol Bagala sežde etdi we edil öz kakasy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.

1 Patyşalar — Chapters