[1] Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi.
[2] Adamlar seždegählerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy.
[3] Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy.
[4] Bir gün patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, çünki esasy seždegäh şol ýerdedi. Süleýman şol ýerde müňlerçe ýakma gurbanlyklaryny beripdi.
[5] Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.
[6] Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.
[7] Indi, eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn.
[8] Guluň Seniň saýlan, san-sajaksyz halkyňyň arasyndadyr.
[9] Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»
[10] Süleýmanyň bu dilegi Taňra ýarady.
[11] -
[12] Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin.
[13] Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz.
[14] Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn».
[15] Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.
[16] Bir gün iki sany azgyn aýal gelip, patyşanyň huzurynda durdy.
[17] Ol aýallaryň biri şeýle diýýär: «Eý, jenabym, men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýaryn. Şu aýal öýdekä, meniň çagam dogulýar.
[18] Şondan üç gün soň munuň hem çagasy bolýar. Biziň ikimiz bile ýaşaýarys, öýde biziň ikimizden başga hiç kim ýok.
[19] Onsoň bir gije bu aýalyň ogly ölýär, sebäbi ol çagasynyň üstüne togalanypdyr.
[20] Ol ýary gije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp, öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr.
[21] Men ertesi irden oglumy emdirjek bolsam, ol öli ýatyr. Men oňa dykgat bilen seretdim we çaganyň özümiňki däldigine magat göz ýetirdim».
[22] Emma beýleki aýal: «Ýok, diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki» diýýär. Birinji aýal: «Ýok, ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki» diýýär. Şeýdip, olar patyşanyň huzurynda jedelleşdiler.
[23] Onsoň patyşa şeýle diýýär: «Biriňiz: „Diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki“ diýýärsiňiz, beýlekiňiz bolsa: „Ýok, beýle däl! Ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki“ diýýärsiňiz».
[24] Soňra patyşa: «Maňa bir gylyç getirip beriň» diýýär. Patyşa gylyç getirip berýärler.
[25] Ol: «Diri galan çagany iki bölüň-de, ýarysyny birine, ýarysyny-da beýlekisine beriň» diýýär.
[26] Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär.
[27] Onsoň patyşa: «Diri galan çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, ol onuň ejesidir» diýýär.
[28] Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.