Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:55

[1] Ine, Dawudyň soňky sözleri şulardyr: Belende göterilen Ýyşaý ogly Dawut diýýär, Ýakubyň Hudaýynyň seçip saýlan adamy, Ysraýylyň şirin labyzly bagşysy şeýle sözleýär:

[2] «Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.

[3] Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,

[4] daň şapagy ýalydyr, aýdyň asmanda dogan Gün ýaly, otlaryň ýagyşdan soňky ýalkymydyr“.

[5] Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!

[6] Ähli ýaramazlar zyňlan tiken ýalydyr. Çünki tikeni elläp bolmaýar.

[7] Demir ýa-da naýza sapy ulanylýandyr olara, hem duran ýerinde oda ýakylýandyr olar».

[8] Dawudyň batyr ýigitleriniň atlary, ine, şulardyr: tahkemonly Ýoşe Başebet. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde sekiz ýüz adamy öldürdi.

[9] Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler,

[10] emma Elgazar ýerinden gozganmady; ol surnugýança, hatda eli gylyja ýelmeşýänçä söweşip, piliştlileri gyrdy. Reb şol gün beýik ýeňiş berdi. Halk onuň yzyna diňe olja ýygnamak üçin düşdi.

[11] Üçünjisi hararly Ageniň ogly Şammadyr. Piliştliler Lehide ýygnanyşypdylar. Ol ýerde mäşden doly bir ýer bardy. Goşun piliştlilerden gaçdy.

[12] Ýöne Şamma meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri gorady we piliştlileri gyrdy. Reb uly ýeňiş berdi.

[13] Orak döwründe otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny Rapa jülgesinde düşläpdi.

[14] Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady.

[15] Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi.

[16] Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdi. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.

[17] Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Reb! Janlaryny howp astyna salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?!» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi.

[18] Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.

[19] Ol otuz serdaryň iň meşhurydy we baştutandy, ýöne üç serdaryň derejesine ýetip bilmändi.

[20] Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi.

[21] Ol soňra äpet bir müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy. Benaýa onuň garşysyna taýakly çykdy. Ol müsürliniň elinden naýzasyny alyp, ony öz naýzasy bilen öldürdi.

[22] Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.

[23] Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy.

[24] Otuzlaryň arasynda ýene-de, ine, şular bardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan,

[25] harotly Şamma we Elika,

[26] paltyly Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra,

[27] anatotly Abygezer, huşaly Mebunnaý,

[28] ahowa urugyndan Salmon, netopaly Mahraý,

[29] netopaly Bagananyň ogly Helep, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý,

[30] pirgatonly Benaýa, Gagaş jülgelerinden Hidaý,

[31] arbaly Abygalbon, bahurymly Azmawet,

[32] şagalbynly Elýahba, Ýaşeniň ogullary: Ýonatan,

[33] hararly Şamma, hararly Şararyň ogly Ahyýam,

[34] magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam,

[35] karmelli Hesro, arawly Pagary,

[36] sobaly Natanyň ogly Ýygal, gat tiresinden Bany,

[37] ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragyny göterýän nökeri beýerotly Nahraý,

[38] ýytra urugyndan Yra we Garep,

[39] het halkyndan Uryýa. Bular jemi otuz ýedi adamdan ybaratdyr.

2 Şamuwel — Chapters