Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:29

[1] Şawul ölenden soň, amalekleri ýeňip, dolanyp gelen Dawut iki gün Ziklagda galdy.

[2] Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.

[3] Dawut ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Men Ysraýyl düşelgesinden gaçyp gaýtdym» diýdi.

[4] Dawut oňa: «Aýt, näme boldy?» diýdi. Ol: «Goşun ýeňlip gaçdy, adamlaryň köpüsi gyryldy. Şawul bilen onuň ogly Ýonatan hem öldi» diýdi.

[5] Dawut bu habary getiren ýaş ýigitden: «Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň ölenini nireden bilýäň?» diýip sorady.

[6] Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm.

[7] Şawul ýeňsesine seredende meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „Näme agam?“ diýdim.

[8] Ol: „Sen kim?“ diýip sorady. „Men amalek tiresinden“ diýip jogap berdim.

[9] Soňra ol maňa: „Gel-de, meni öldür, çünki entek içimde janym bolsa-da, ajalym görnüp dur“ diýdi.

[10] Menem bardym-da, ony öldürdim. Sebäbi men onuň indi diri galmajakdygyna göz ýetiripdim. Başyndaky täji bilen elindäki bilezigini jenabyma alyp gaýtdym, ine, olar jenabym».

[11] Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.

[12] Olar gylyçdan geçirilen Şawul üçin, onuň ogly Ýonatan üçin, Rebbiň goşuny we ysraýyl halky üçin agşama çenli agyz bekläp, ýas tutup aglaşdylar.

[13] Dawut habar getiren ýaş ýigitden: «Sen nireli?» diýip sorady. Ol: «Men gelmişek bir amalegiň ogly» diýip jogap berdi.

[14] Dawut oňa: «Gorkman, Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürmäge nädip milt etdiň?» diýdi.

[15] Soňra Dawut ýaş ýigitleriň birini ýanyna çagyryp: «Gel, şuny öldür!» diýdi. Ýigit ony urup öldürdi.

[16] Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.

[17] Şawul we onuň ogly Ýonatan üçin, Dawut şu agyny aýtdy.

[18] (Dawut bu «Peýkam aýdymyny» ýahuda halkyna öwrenmegi buýurdy. Bu Dogruçyllyk kitabynda ýazylandyr.) Ol şeýle diýdi:

[19] «Eý, Ysraýyl, şöhratyň dem- -düýtsüz ýatyr depeleriňde! Gerçekler nädip ýere ýazyldy?!

[20] Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.

[21] Eý, Gilboga daglary! Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin! Sizden hasyl önmesin! Çünki gerçegiň galkany, Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany siziň üstüňizde syndy.

[22] Ýonatanyň ýaýy sowa geçmezdi öldürilenleriň teninden, Şawulyň gylyjy boş geçmezdi gerçekleriň ýaýyndan.

[23] Söýgülidi, ezizdi Şawul bilen Ýonatan. Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi. Çalasyndylar bürgütden, güýçlüdiler arslandan.

[24] Eý, Ysraýyl gyzlary, aglaň, Şawul üçin aglaň! Al-elwan geýdiren üçin, geýimiňizi zer bilen nagyşlan üçin aglaň!

[25] Gerçekler nädip ýere ýazyldy jeň meýdanynda! Ýonatan dem-düýtsüz ýatyr depäňde.

[26] Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan! Juda eziz bolupdyň maňa. Zenan söýgüsinden-de artykdy söýgiň maňa.

[27] Gerçekler nädip ýere ýazyldy?! Ok-ýaraglar döwüldi!»

2 Şamuwel — Chapters