Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:30

[1] Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.

[2] Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler.

[3] Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar.

[4] Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.

[5] Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap, onuň bilen bile öldi.

[6] Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler.

[7] Ysraýylyň ýeňlip gaçandygyny, Şawulyň hem onuň ogullarynyň ölendigini görüp, jülgäniň beýleki tarapynda we Iordan derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan ysraýyllar öz galalaryny taşlap gaçdylar; piliştliler gelip, olary eýelediler.

[8] Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagyndan Şawul bilen onuň üç oglunyň jesedini tapdylar.

[9] Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler.

[10] Şawulyň ýaragyny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşeýan galasynyň diwaryndan asyp goýdular.

[11] Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,

[12] onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar uzak gije ýörediler. Baryp, Şawulyň hem onuň ogullarynyň jesetlerini Beýtşeýan galasynyň diwaryndan aýyrdylar; Ýabeşe gelip, jesetleri şol ýerde ýakdylar.

[13] Soňra olaryň süňklerini getirip, Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömdüler we ýedi günläp agyz beklediler.

1 Şamuwel — Chapters