Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:16

[1] «Piliştliler Kegila hüjüm edip, harmanlary talap ýörler» diýip, Dawuda habar berdiler.

[2] Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.

[3] Ýöne adamlary Dawuda: «Biz bu ýerde – Ýahudada gorkuşyp ýörkäk, Kegila – piliştli goşunyň üstüne nähili baraly?» diýdiler.

[4] Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.

[5] Şeýlelikde, Dawut bilen onuň adamlary Kegila gidip, piliştliler bilen söweşdiler, olaryň mallaryny sürüp äkitdiler, olary agyr heläkçilige sezewar etdiler. Ine, şeýdip, Dawut Kegilanyň ilatyny halas etdi.

[6] Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.

[7] Dawudyň Kegila gelendigini Şawula habar berdiler. Şawul: «Ony Hudaý meniň elime berdi, çünki ol meniň derwezeli, kiltli galama girip, öz-özüni tora salypdyr» diýdi.

[8] Kegila gidip, Dawudy gabawa salmak üçin, Şawul tutuş halky urşa çagyrdy.

[9] Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.

[10] Dawut: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Şawulyň men guluň sebäpli Kegilany ýok etmek üçin gelýändigini eşitdim.

[11] Indi şeýdip, Öz guluňyň eşidişi ýaly, Şawul gelermi? Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluňa aýdaý!» diýdi. Reb: «Ol geler» diýdi.

[12] Soňra Dawut: «Kegilanyň halky meni we adamlarymy Şawulyň eline berermi?» diýdi. Reb: «Berer» diýdi.

[13] Dawut alty ýüze golaý adamy bilen bile Kegiladan çykdy. Olar baryp bilen ýerlerine çenli saklanman ýörediler. Dawudyň Kegiladan gaçandygyny eşidende, Şawul ol ýere gitmek niýetinden el çekdi.

[14] Dawut çöldäki gowaklarda, Zip çölündäki daglykda ýaşady. Şawul ony her gün agtardy, ýöne Reb Dawudy onuň eline bermedi.

[15] Şawulyň öz kastyna çykandygyny Dawut Horeşdäki Zip çölündekä eşitdi.

[16] Şawulyň ogly Ýonatan Dawudyň yzyndan Horeşe geldi. Ol Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy.

[17] Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi.

[18] Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi.

[19] Soňra birnäçe zipliler Gibga gidip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda – Horeşiň gowaklarynda, Ýeşimonyň günortasyndaky Hakyla dagynda gizlenip gezip ýör.

[20] Eý, patyşa, islän wagtyň gel! Ony tutup, seniň eliňe bermek biziň bilen» diýdiler.

[21] Şawul olara şeýle diýdi: «Derdimi paýlaşanyňyz üçin Reb sizi ýalkasyn!

[22] Gidiň-de, ýene bir gezek nirededigine anyk göz ýetiriň; ony kimiň görendigini ykjam anyklaň. Aýdyşlaryna görä ol juda mekir bolmaly.

[23] Onuň gizlenip biläýjek ýerleriniň ählisini gözden geçiriň we anygyna ýetiň-de, maňa belli habar getiriň. Şondan soň men siziň bilen bile giderin. Eger ol ýurduň bir ýerinde bar bolsa, men ony tutuş Ýahudadan taparyn».

[24] Şeýlelik bilen Şawuldan öň olar Zipe gitdiler. Dawut adamlary bilen Magon çölünde, Ýeşimonyň günortasyndaky Araba düzlügindedi.

[25] Şawul bilen onuň adamlarynyň öz gözlegine çykandyklaryny eşiden Dawut Magon çölündäki gaýa gelip, şol ýerde ornaşdy. Muny eşidip, Şawul Magon çölüne Dawudyň yzyndan gitdi.

[26] Şawul dagyň bir tarapyndan, Dawut bolsa adamlary bilen dagyň beýleki tarapyndan barýardy. Şawul bilen onuň adamlarynyň Dawudy we onuň adamlaryny gabawa salmaklaryna az wagt galypdy, Dawut gaçmaga howlugýardy.

[27] Şol wagt bir çapar gelip: «Howluk, ýurda piliştliler çozdy» diýip, Şawula habar berdi.

[28] Şawul Dawudyň yzyndan kowmagyny bes edip, piliştliler bilen söweşmäge gitdi. Şoňa görä bu ýer «Gaçyş gaýasy» diýip atlandyryldy.

1 Şamuwel — Chapters