Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:30

[1] Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady.

[2] Dawut Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen hem duşuşar ýaly ýer belleşdik.

[3] Häzir ýanyňda nämäň bar? Maňa bäş sany çörek ýa-da ýanyňda başga nämäň bar bolsa ber» diýdi.

[4] Ruhany oňa: «Mende adaty çörek ýok. Mende diňe Rebbe hödür edilen çörek bar. Eger ýanyňdaky ýigitler golaýda aýala ýanaşmadyk bolsalar, siz ony iýip bilersiňiz» diýdi.

[5] Dawut ruhana şeýle jogap berdi: «Hawa, meniň, adatça, sapara gaýdanymda edişim ýaly, biz aýal bilen ýatmadyk. Ýanymdaky ýigitler ýönekeý sapara çykanlarynda-da inlerini päk saklaýarlar. Onsoň, olaryň öz inlerini bu gezek nähili päk saklajakdyklaryny biliber!»

[6] Şundan soň ruhany Rebbe hödür edilen çöreklerden başga çörek ýokdugy üçin oňa mukaddes çörekleri berdi. Bu çörekler şol gün gyzgyn çörekler bilen çalşyrylypdy.

[7] Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.

[8] Dawut Ahymelege: «Ýanyňda naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň tabşyrygy juda gyssagly bolansoň, ýanyma ne gylyjymy alyp ýetişdim, ne-de başga ýaragymy» diýdi.

[9] Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň gylyjy şu ýerde, efodyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag bolmaz, şony beräý» diýdi.

[10] Dawut Şawuldan gaçyp, şol gün Gatyň hany Akyşyň ýanyna gitdi.

[11] Akyş hanyň adamlary oňa: «Bu Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýşip, ol hakda aýallar aýdym aýdyp, tansam edipdiler-ä» diýdiler.

[12] Bu sözler Dawudy uly iňkise goýdy we ol Gat hany Akyşdan juda gorkdy.

[13] Şeýlelikde, Dawut olaryň ýanynda öz bolşuny üýtgetdi. Olaryň ýanynda ol özüni dälilige saldy, derwezäniň gapylaryny dyrnaçaklap, olaryň ýüzüni persala etdi; sakgalyna erniniň suwuny akdyran boldy.

[14] Akyş han adamlaryna: «Oňa bir seretseňizläň, ol däli ahyryn. Näme üçin ony meniň ýanyma getirdiňiz?

[15] Näme özümde däli kemterlik edýändir öýdýäňizmi? Ýa onuň däliligine tomaşa etsin diýip getirdiňizmi? Heý, şeýle adamam bir meniň howlyma girmelimi?» diýdi.

1 Şamuwel — Chapters