Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:06

[1] Şondan soň Abşalom bir söweş arabasyny, atlary hem-de öz öňünden ýörär ýaly elli adam taýýarlady.

[2] Abşalom daň bilen turup, galanyň derwezesiniň golaýynda durardy. Eger kimdir biri haýsydyr bir dawany çözmek üçin, patyşanyň huzuryna barmak islese, Abşalom ony ýanyna çagyryp: «Haýsy galadan bolarsyň?» diýip sorardy. Gelen: «Guluň Ysraýylyň pylan tiresinden» diýerdi.

[3] Abşalom: «Sen mamla, aýdýanyň hak, ýöne şanyň ýanynda seni diňläre adam ýok» diýip jogap bererdi.

[4] Ol: «Ýurda diňe özüm serdar bolsadym! Men dawaly mesele bilen ýa-da başga bir iş bilen ýanyma gelenleriň ählisiniň işine adalatly serederdim» diýerdi.

[5] Şeýle hem kimdir biri oňa tagzym etmek üçin golaýlaşmak islese, elini uzadyp ony bagryna basardy-da, ogşardy.

[6] Abşalom şanyň ýanyna arz-şikaýat bilen gelen her bir ysraýylly bilen şeýle ederdi. Şeýdip, ol ysraýyl halkyna özüni aldyrdy.

[7] Dört ýyldan soň Abşalom Dawut patyşa: «Rugsat berseň, Hebrona gidip, Rebbe eden kasamymy ýerine ýetireýin.

[8] Men guluň Siriýa ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“ diýip kasam edipdim» diýdi.

[9] Patyşa oňa: «Arkaýyn gidiber» diýdi. Şeýdip, ol Hebrona gitdi.

[10] Emma ol: «Şahdan edilen surnaý sesini eşiden badyňyza: „Abşalom Hebronda patyşa boldy!“ diýip yglan edersiňiz» diýen habar bilen Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyna gizlin çaparlar ýollady.

[11] Iýerusalimden çagyrylan iki ýüz adam hem Abşalom bilen bile gitdi. Olar bolan işlerden bihabar bolansoň, ak göwün bilen Abşalomyň yzyna düşdüler.

[12] Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.

[13] Bir çapar gelip: «Ysraýyllaryň ýüregi Abşaloma baglanypdyr» diýip, Dawuda habar berdi.

[14] Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.

[15] Patyşanyň adamlary oňa: «Şa hezretleri näme islese, siziň gullaryňyz şoňa razy» diýdiler.

[16] Şeýdip, patyşa tutuş maşgalasyny yzyna tirkäp, ýola çykdy. Ol on gyrnak aýalyny öýe seretmek üçin goýup gitdi.

[17] Patyşa ähli adamlaryny alyp, ýola düşdi. Olar galanyň çetinde saklandylar.

[18] Şanyň ähli adamlary onuň öňünden geçdiler. Ähli keretler, peletler hem-de Gat galasyndan şanyň yzyna düşüp gaýdan alty ýüz adam onuň öňünden geçdiler.

[19] Patyşa gatly Ytaýa şeýle diýdi: «Sen näme üçin bizden galman gelýärsiň? Yzyňa gaýt-da, täze patyşa bilen boluber. Sebäbi sen ýurdundan kowlan gelmişeksiň.

[20] Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin».

[21] Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi.

[22] Dawut Ytaýa: «Bolýar, bar geç» diýdi. Ytaý ýanyndaky ähli adamlarydyr bala-çagalary bilen bilelikde geçdi.

[23] Dawudyň adamlary geçip barýarka, tutuş ýurt nala çekip aglady. Patyşa tutuş goşuny bilen Kidron deresinden geçip, çöle tarap ýola düşdi.

[24] Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular.

[25] Patyşa Sadoga şeýle diýdi: «Hudaýyň sandygyny yzyna gala äkit. Eger men Rebbiň nazarynda merhemet tapan bolsam, Ol meni ýene-de yzyma gaýtaryp getirer; sandygy hem onuň durýan ýerini görmek maňa ýene miýesser eder.

[26] Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin».

[27] Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt.

[28] Sizden bir habar alýançam, çölde – derýanyň saý ýerinde garaşaryn».

[29] Şeýdip, Sadok bilen Abýatar Hudaýyň sandygyny göterip, yzyna Iýerusalime äkitdiler we özleri hem şol ýerde galdylar.

[30] Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.

[31] «Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.

[32] Dawut Hudaýa sežde edilýän belentligiň üstüne çykanda, onuň bilen duşuşmak üçin ark urugyndan ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran Huşaý diýen adam geldi.

[33] Dawut oňa şeýle diýdi: «Eger meniň bilen bile gitseň, maňa ýük bolarsyň.

[34] Sen gowusy gala git-de, Abşalomyň ýanyna baryp, kakasyna hyzmat edişiň ýaly, oňa-da hyzmat etjekdigiňi aýt. Şeýtseň, Ahytopeliň men babatdaky maslahatyny puja çykaryp bilersiň.

[35] Ruhanylar Sadok bilen Abýatar hem şol ýerde seniň ýanyňda bolarlar. Şa köşgünden eşidenleriňi şolara aýdarsyň.

[36] Sadogyň ogly Ahymagas bilen Abýataryň ogly Ýonatan hem şol ýerdedir. Şolaryň üsti bilen alan maglumatlaryňy maňa ýetirersiň».

[37] Şeýdip, Dawudyň dosty Huşaý Iýerusalime geldi. Şol wagt Abşalom gala girip barýardy.

2 Şamuwel — Chapters