Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:25

[1] Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.

[2] Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.

[3] Aýalyň kimdigini bilmek islän Dawut onuň ýanyna adam iberdi. Iberilen gidip gelip, onuň Eligamyň gyzy, het halkyndan bolan Uryýanyň aýaly Batşebadygyny Dawuda habar berdi.

[4] Dawut adamlaryna aýaly getirmegi buýurdy. Aýal Dawudyň ýanyna geldi. Dawut aýbaşydan ýaňy arassalanan Batşeba bilen ýatdy. Soňra aýal öýüne gaýtdy.

[5] Aýal göwreli boldy we Dawuda: «Men göwreli» diýip habar ýollady.

[6] «Het halkyndan bolan Uryýany meniň ýanyma iber» diýip, Dawut Ýowaba habar etdi. Ýowap Uryýany Dawudyň ýanyna iberdi.

[7] Uryýa ýanyna gelende, Dawut ondan Ýowabyň we goşunyň hal-ýagdaýy, urşuň gidişi hakda soraşdyrdy.

[8] Soňra ol Uryýa: «Öýüňe bar-da, dynjyňy al» diýdi. Uryýa patyşanyň köşgünden çykanda, onuň yzyndan patyşanyň sowgadyny hem äkitdiler.

[9] Emma Uryýa öz jenabynyň ähli nökerleri bilen bile şa köşgüniň gapysynda ýatdy; öýüne gitmedi.

[10] Onuň öz öýüne gitmändigini Dawuda habar berenlerinde, ol Uryýadan: «Sen ýaňyja ýoldan geldiň. Näme üçin öýüňe gitmediň?» diýip sorady.

[11] Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi.

[12] Dawut Uryýa: «Bu günem şu ýerde bol, ertir men seni yzyňa ugradaryn» diýdi. Şunlukda, Uryýa ol gün hem Iýerusalimde galdy.

[13] Ertesi gün Dawut ony çagyryp, iýdirip-içirip serhoş etdi. Agşam Uryýa ýene-de öz öýüne gitmän, jenabynyň nökerleri bilen bile öňki ýatýan ýerine gitdi.

[14] Ertesi irden Dawut Ýowaba hat ýazyp, Uryýadan iberdi.

[15] Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün».

[16] Ýowap galany gabaw astynda saklap, gowy synlansoň, gaýduwsyz adamlaryň bar ýerini bilýärdi. Ol Uryýany şol ýerde goýdy.

[17] Galanyň adamlary çykyp, Ýowap bilen söweşmäge başladylar. Dawudyň nökerlerinden birnäçesi öldi. Öldürilenleriň arasynda het halkyndan bolan Uryýa-da bardy.

[18] Ýowap adam iberip, söweş baradaky maglumatlaryň ählisini Dawuda ýetirdi.

[19] Ol çapara şeýle diýdi: «Söweş hakyndaky habarlaryň ählisini patyşa gürrüň berip bolanyňdan soň,

[20] patyşa gazaba münüp: „Näme üçin gala beýle golaý bardyňyz? Olaryň sizi diwaryň üstünden oka tutjakdyklaryny bilmeýärmidiňiz näme?

[21] Ýerubagalyň ogly Abymelegi bir aýalyň öldürendigini bilmeýärmidiňiz? Tebezde ol aýal diwaryň üstünden oňa degirmen daşyny zyňyp öldürmänmidi? Näme üçin diwara gaty golaý bardyňyz?“ diýäýse, şol wagt: „Siziň het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem öldi“ diýersiň».

[22] Çapar gidip, Ýowabyň tabşyranlarynyň ählisini Dawuda gürrüň berdi.

[23] Ol Dawuda şeýle gürrüň berdi: «Duşmanyň güýji biziňkiden agdyk eken. Olar biziň garşymyza meýdana çykdylar, emma biz derwezäniň agzyna çenli olaryň yzlaryndan kowduk.

[24] Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden seniň adamlaryňy oka tutdular; olaryň arasynda ölenleri hem boldy. Het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem şonda öldi».

[25] Dawut çapara: «Ýowaba aýt, goý, bu iş üçin ol köp alada galmasyn; gylyç kä oňa deger, kä muňa. Galanyň üstüne hüjümi güýçlendirsinler-de, ony ýumursynlar. Şu sözler bilen ony ruhlandyr» diýdi.

[26] Uryýanyň aýaly adamsynyň ölendigini eşidip, onuň ýasyny tutdy.

[27] Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.

2 Şamuwel — Chapters