[1] Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:
[2] «Reb – meniň gaýam, galam hem Halasgärim,
[3] Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm. Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!
[4] Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn, hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.
[5] Ölüm tolkunlary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.
[6] Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy, ölüm duzaklary garşymdan çykdy.
[7] Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi.
[8] Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, ýeriň binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.
[9] Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan, ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.
[10] Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
[11] Ol bir keruba mündi-de, uçdy, ýeliň ganatlarynda gaýdy.
[12] Ol Özüne çadyr edindi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni
[13] Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közler alawlap tutaşdy.
[14] Reb göklerde güňleç gürledi, seslendi Beýik Hudaý.
[15] Peýkamlary atyp, pytratdy ýagylaryny, Ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
[16] Şonda Rebbiň käýinjinden, burnundan çykan deminden ýaňa deňziň geçelgeleri göründi, dünýäniň-de binýatlary açyldy.
[17] Ol belentden ýetdi hem meni aldy Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
[18] Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan, çünki olar güýçlüdi menden.
[19] Olar betbagt günümde garşyma çykdy, ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
[20] Meni giň ýere çykardy hem halas etdi, çünki Ol menden göwnühoş boldy.
[21] Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.
[22] Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.
[23] Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary, özümden daşlaşdyrmadym Onuň parzlaryny.
[24] Men kämildim Onuň öňünde, sakladym özümi günä etmekden.
[25] Şonuň üçin, dogrulygyma we päkligime görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.
[26] Sadyklyk edýärsiň Sen sadyklara, kämillik edýärsiň Sen kämillere,
[27] päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara, egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.
[28] Pesgöwünli halky halas edýärsiň, emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.
[29] Ýa Reb, meniň çyram Sensiň, Reb ýagtyldýar meň tümlügimi.
[30] Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.
[31] Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.
[32] Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
[33] Meniň berk galamdyr Hudaý, kämil ýola atarýar Ol aýypsyz adamy.
[34] Ol aýaklarymy keýigiňki dek edýär, belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.
[35] Urşa türgen edýär Ol ellerimi, gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.
[36] Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
[37] Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň, meniň aýaklarym taýmaýar.
[38] Duşmanlarymy kowalaýyn, yzlaryndan ýeterin! olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.
[39] Ýer bilen ýegsan etdim, ýaraladym, galyp bilmeýär, aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.
[40] Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň, garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.
[41] Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy, gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.
[42] Töweregine garadylar, olary halas edýän ýok; Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.
[43] Olary tozan dek edip ýençdim, köçeleriň palçygy kimin mynjyratdym.
[44] Öz halkymyň garşylygyndan meni halas eýleýäň, Sen meni milletlere baş edip goýýaň, tanamadyk halkym tabyndyr maňa.
[45] Meni eşiden dessine boýun bolýarlar, ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.
[46] Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär, olar galalaryndan titreşip çykýar,
[47] Reb diridir! Meniň gutulyş Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
[48] Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr, Ol halklary maňa golasty edýär.
[49] Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär. Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň, hem-de zalymlaryň elinden meni halas edýärsiň.
[50] Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, ýa Reb! Seniň adyňa nagma aýdaryn!
[51] Öz patyşaňa uly ýeňişler getirýärsiň Sen! Seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline, elmydama sadyk söýgüsini görkezýär».