Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:57

[1] Birnäçe wagtdan soň Ammon patyşasy Nahaş ölüp, ýerine ogly Hanun tagta çykdy.

[2] Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň çaparlary Ammon ýurduna baranda,

[3] ammon begleri öz patyşasyna şeýle diýdiler: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir».

[4] Şonda Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallarynyň deň ýarysyny syrdyryp, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.

[5] Bu hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden adam iberdi, çünki olar gaty utanýardylar.

[6] Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.

[7] Dawut muny eşidip, Ýowap bilen batyr esgerli tutuş goşuny olaryň garşysyna sürdi.

[8] Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen siriýalylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.

[9] Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy.

[10] Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlaryň garşysyna nyzama duruzdy.

[11] Ýowap: «Bardy-geldi siriýalylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.

[12] Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi.

[13] Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary siriýalylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar.

[14] Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlar Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap ammonlar bilen söweşmesini bes edip, yzyna gaýtdy we Iýerusalime geldi.

[15] Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini gören siriýalylar bir ýere toplanyşdylar.

[16] Hadadgezer Ýewfradyň aňyrsyndaky siriýalylara habar ýollap, söweşe çykardy. Olar Hadadgezeriň goşunbaşysy Şobagyň baştutanlygynda Heýlam galasyna geldiler.

[17] Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi we Heýlam galasyna geldi. Siriýalylar Dawudyň garşysyna nyzama durdular we söweşe girişdiler.

[18] Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol siriýalylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobak şol ýerde jan berdi.

[19] Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirdiler; olar bilen ylalaşyk baglaşyp, olara boýun egdiler. Siriýalylar hem mundan beýläk ammonlara kömek etmekden gorkdular.

2 Şamuwel — Chapters