[1] Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».
[2] Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi.
[3] Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi.
[4] Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.
[5] Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi.
[6] Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy.
[7] Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
[8] Birdenkä şägirtler daş-töweregine seretdiler, emma öz ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi.
[9] Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy.
[10] Şägirtler Onuň bu sözüni ýüreklerinde saklap, ölümden direlmegiň näme aňladýandygy barada biri-birlerinden soraýardylar.
[11] Olar Isadan: «Näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
[12] Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn.
[13] Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi we ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa islän zatlaryny etdiler» diýdi.
[14] Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy.
[15] Tutuş mähelle Isany gören badyna, geň galdy we hemmeler dessine ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler.
[16] Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady.
[17] Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady.
[18] Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi.
[19] Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.
[20] Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Arwah-jyn Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýazylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady.
[21] Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle.
[22] Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi.
[23] Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme? Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.
[24] Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy.
[25] Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi.
[26] Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.
[27] Emma Isa oglanyň elinden tutup galdyrdy, ol hem ýerinden turdy.
[28] Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.
[29] Isa olara: «Bu hili arwah-jynlary Hudaýa doga-dileg etmekden başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.
[30] Olar ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa özleriniň niredediklerini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi.
[31] Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi.
[32] Emma olar bu sözlere düşünmediler, soramaga-da gorkdular.
[33] Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady.
[34] Emma olaryň hiç birinden ses çykmady, sebäbi ýolda biri-birleri bilen kimiň iň beýikdigi hakda jedelleşipdiler.
[35] Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyryp, olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy hem hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi.
[36] Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara:
[37] «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi.
[38] Ýohanna Isa ýüzlenip: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi.
[39] Isa: «Ony togtatmaň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza görkezip, yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur.
[40] Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapymyzdadyr.
[41] Mesih e baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi.
[42] Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar.
[43] Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.
[45] Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony çap. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.
[47] Eger gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Şalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr.
[48] Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez.
[49] Hemmeler otda duzlanar.
[50] Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň».