[1] Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy.
[2] Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýaly bilen aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip sorady.
[3] «Musa size nähili buýruk berdi?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady.
[4] Olar: «Musa talak haty esasynda aýrylyşmaga ygtyýar beripdi» diýdiler.
[5] Isa olara: «Musa size doňýürekdigiňiz üçin bu buýrugy ýazdy.
[6] Aslynda Hudaý ýaradylyşyň başynda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy.
[7] Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar. Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir.
[9] Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.
[10] Öýe gelenlerinde, şägirtleri bu barada Ondan ýene soradylar.
[11] Isa olara: «Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam öz aýalyna garşy zyna edýändir.
[12] Aýal hem ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, öz ärine garşy zyna edýändir» diýip jogap berdi.
[13] Başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler muny görüp, olara käýediler.
[14] Isa muny görende, gahary geldi. Ol şägirtlerine: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň. Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr.
[15] Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.
[16] Ol çagalary gujaklap, başlaryna elini goýup, olara pata berdi.
[17] Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.
[18] Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
[19] Sen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“ diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi.
[20] Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi.
[21] Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
[22] Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.
[23] Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Baý adamlaryň Hudaýyň Şalygyna girmegi nähili kyn!» diýdi.
[24] Şägirtler Onuň sözlerine haýran galdylar. Isa ýene olara: «Ogullarym, Hudaýyň Şalygyna girmek nähili kyn!
[25] Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi.
[26] Şägirtler çakdanaşa haýran galyp, biri--birlerine: «Onda kim halas bolup biler?» diýişdiler.
[27] Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däldir, emma Hudaý üçin beýle däl – Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.
[28] Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip söze başlady.
[29] Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam,
[30] bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar.
[31] Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.
[32] Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady:
[33] «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, keseki milletlere tabşyrarlar.
[34] Ony masgaralap, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar, soňra öldürerler, emma üç günden soň Ol direler».
[35] Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biziň Senden bir dilejek zadymyz bar, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler.
[36] Isa olardan: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady.
[37] Olar hem: «Sen Öz şöhratly tagtyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler.
[38] Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi.
[39] Olar-da: «Hawa, bileris!» diýdiler. Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň hasratyma çümdürilersiňiz.
[40] Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýýarlanan bolsa, şolar üçindir» diýdi.
[41] Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýohanna gaharlanmaga başladylar.
[42] Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň arasynda baştutan saýylýanlar olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler.
[43] Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
[44] Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň guly bolsun.
[45] Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
[46] Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy.
[47] Nasyraly Isanyň ol ýerdedigini eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrmaga durdy.
[48] Köp adamlar oňa sesiň çykmasyn diýip käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
[49] Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köre: «Dogumly bol, tur ýeriňden, Ol seni çagyrýar» diýdiler.
[50] Kör donuny bir ýana taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi.
[51] Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Halypa, gözlerim açylsyn!» diýdi.
[52] Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Şobada bu adamyň gözleri açyldy. Onsoň ol hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.