[1] Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.
[2] Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.
[3] Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy.
[4] Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag isrip edildi?
[5] Muny bir ýyllyk iş hakyna barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler.
[6] Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Näme üçin ony ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi.
[7] Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.
[8] Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady.
[9] Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.
[10] Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri Isa dönüklik etmek üçin, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi.
[11] Olar muny eşidip begendiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursat peýläp gezdi.
[12] Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.
[13] Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň.
[14] Ol nirä baryp girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, Meniň myhman otagym nirede diýip soraýar“ diýiň.
[15] Ol hem ýokarky gatda düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi.
[16] Şägirtler ýola düşüp, şähere gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.
[17] Agşam Isa Onkiler bilen bile geldi.
[18] Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi.
[19] Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar.
[20] Isa olara: «Ol Onkilerden biri, Meniň bilen bile okara çörek batyryp oturanyň biri.
[21] Hawa, Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýdi.
[22] Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.
[23] Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdi.
[24] Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.
[25] Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.
[26] Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
[27] Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr.
[28] Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi.
[29] Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men beýle etmerin» diýdi.
[30] Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: edil şu gije horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.
[31] Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
[32] Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men Hudaýa dileg edip gelýänçäm, siz şu ýerde oturyň» diýdi.
[33] Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady.
[34] Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi.
[35] Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi.
[36] Ol: «Abba, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi.
[37] Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi?
[38] Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.
[39] Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp dileg etdi.
[40] Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler.
[41] Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
[42] Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
[43] Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.
[44] Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur. Ony tutuň-da, gorag astynda alyp gidiň» diýip gepleşipdi.
[45] Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym!» diýip, Ony öpdi.
[46] Onsoň adamlar Isany tutup, ele saldylar.
[47] Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi.
[48] Isa olara: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz?
[49] Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi.
[50] Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.
[51] -
[52] Ýalaňaç bedenini ýapynja bilen örten bir ýaş ýigit Isanyň yzyna düşüp barýardy. Esgerler ony hem tutdular, emma ol ýapynjasyny taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi.
[53] Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Ähli ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular we Töwrat mugallymlary ol ýere ýygnanypdylar.
[54] Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol hem sakçylar bilen bile howluda oda çoýunyp otyrdy.
[55] Ýolbaşçy ruhanylar we ýokary mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy subutnama agtardylar, ýöne tapyp bilmediler.
[56] Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady.
[57] Onsoň käbirleri turup, Oňa garşy ýalan şaýatlyk berip:
[58] «Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler.
[59] Barybir, olaryň şaýatlyklary bir çykmady.
[60] Soňra baş ruhany mejlisiň ortasynda ýerinden turup, Isadan: «Sende hiç hili jogap ýokmy? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän şaýatlygyna näme diýersiň?» diýip sorady.
[61] Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady.
[62] Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi.
[63] Baş ruhany şonda ýakasyny ýyrtyp: «Bize başga şaýatlyk nämä gerek?
[64] Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar.
[65] Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.
[66] Petrus howlynyň aşak tarapynda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi.
[67] Ol çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa çiňerildi-de: «Sen hem şol nasyraly Isa bilendiň» diýdi.
[68] Emma Petrus muny inkär edip: «Men seniň näme hakda gepleýäniňi bilemogam, düşünemogam» diýdi-de, howlynyň daşyna çykdy. Şol wagt hem horaz gygyrdy.
[69] Keniz Petrusy görende, ýanyndakylara: «Bu adam şolaryň biri» diýip, ýene-de aýtdy.
[70] Emma Petrus muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi sen jelileli» diýdiler.
[71] Emma ol ant içip: «Hudaý ursun! Siziň aýdýan bu adamyňyzy men tanamaýaryn» diýdi.
[72] Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözlerini ýatlap, möňňürip aglady.