[1] Isa ybadathananyň howlusyndan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Seret, ne ajap daşlar, ne ajap binalar!» diýdi.
[2] Isa oňa: «Bu beýik binalary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
[3] Soňra Isa ybadathananyň garşysyndaky Zeýtun dagynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýohanna we Andrys dagy ýekelikde Ondan:
[4] «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Bu zatlaryň amala aşýandygyny görkezýän nähili alamat bolar?» diýip soradylar.
[5] Onsoň Isa olara şeýle düşündirmäge başlady: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn!
[6] Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ diýip, ençeme adamlary aldarlar.
[7] Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşideniňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.
[8] Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr.
[9] Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.
[10] Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir.
[11] Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.
[12] Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.
[13] Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
[14] Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.
[15] Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.
[16] Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin.
[17] Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe!
[18] Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip dileg ediň.
[19] Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.
[20] Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsa, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Reb Öz saýlanlarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy.
[21] Şonda kimdir biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň.
[22] Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.
[23] Ägä boluň! Men hemme zady size öňünden aýtdym.
[24] Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz.
[25] Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.
[26] Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.
[27] Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.
[28] Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz.
[29] Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň.
[30] Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
[31] Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
[32] Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir.
[33] Hüşgär boluň, oýa boluň! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz.
[34] Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar.
[35] Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz.
[36] Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn.
[37] Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»