Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:52

[1] Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe Töwrat mugallymlary Isanyň daşyna üýşdüler.

[2] Olar Isanyň şägirtlerinden käbiriniň elini ýuwman nahar iýip, ýahudylaryň dessuryny bozandygyny gördüler.

[3] Fariseýler bilen ähli ýahudylar ata-babalaryndan galan dessur boýunça ellerini oňat ýuwmazdan nahar iýmeýärdiler.

[4] Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar.

[5] Şonuň üçin fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Isadan: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalarymyzdan galan adata eýermeýärler? Näme üçin ellerini ýuwman nahar iýýärler?» diýip soradylar.

[6] Isa olara: «Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr.

[7] Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“.

[8] Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip, Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi.

[9] Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz!

[10] Musa: „Ata-eneňe hormat goý“ we „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy.

[11] -

[12] Emma siz kimdir biriniň ene-atasyna: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarym korbandyr“ (korban – „Hudaýa sadaka“ diýmegi aňladýar) diýip aýtmagyny dogry hasaplaýarsyňyz, şunlukda, siz oňa öz ata-enesine kömek bermegi gadagan edýärsiňiz.

[13] Şeýdip, siz nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. Başga-da şuňa meňzeş köp zatlary edýärsiňiz».

[14] Ol mähelläni ýene ýanyna çagyryp, olara: «Hemmäňiz Meni diňläň hem düşüniň.

[15] Adamyň içine girýän hiç bir zat ony murdar edip bilmez. Adamy murdar edýän zatlar onuň öz içinden çykýandyr» diýdi.

[17] Ol mähelläniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar.

[18] Isa olara: «Eýsem, siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine giren hiç bir zadyň ony murdar etmeýändigini bilmeýärsiňizmi?

[19] Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi.

[20] Ol ýene: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatlardyr.

[21] -

[22] Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.

[23] Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär» diýdi.

[24] Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.

[25] Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy.

[26] Ol aýalyň asly Siriýanyň Finikiýa ülkesinden bolup, ol ýahudy däldi. Ol gyzyndan arwah-jyny kowup çykarmagyny sorap, Isa ýalbardy.

[27] Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi.

[28] Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem çagalaryň saçak başynda döken çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi.

[29] Isa oňa: «Bu sözüň üçin, bar, gidiber, arwah-jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi.

[30] Aýal öýüne baranda, gyzynyň arwah-jyndan halas bolup, düşeginde ýatanyny gördi.

[31] Onsoň Isa Sur we Sidon etraplaryndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi.

[32] Isanyň ýanyna ker hem peltek bir adamy getirip, onuň başyna elini goýmagyny sorap, Oňa ýalbardylar.

[33] Isa ol adamy mähelläniň içinden bir çete çykaryp, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi.

[34] Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi.

[35] Ýaňky adamyň gulaklary şobada açylyp, dili dürs geplemäge başlady.

[36] Isa muny görenlere bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma Ol näçe köp tabşyrsa, olar bu habary şonça-da köp ýaýratdylar.

[37] Halk çakdanaşa geňirgenişip: «Ol ähli zadyň hötdesinden gelýär, hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdi.

Markyň hoş habary — Chapters