[1] Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaj we Beýtaniýa gelenlerinde, Isa iki şägirdini ýollap, olara:
[2] «Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň.
[3] Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“ diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony basym yzyna iberer“ diýip aýdyň» diýdi.
[4] Şägirtler gitdiler we köçede bir gapynyň agzynda daňylgy duran taýhary tapyp, ony çözdüler.
[5] Ol ýerde duran birnäçe kişi olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiňiz?» diýip soradylar.
[6] Olar-da Isanyň aýdanyny aýtdylar. Onsoň ýaňky adamlar olary goýberdiler.
[7] Taýhary Isanyň ýanyna getirip, donlaryny onuň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi.
[8] Köp adamlar donlaryny, käbirleri-de agaçlardan şaha kesip, ýola düşediler.
[9] Öňden barýanlar we yzdan gelýänler: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!
[10] Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar.
[11] Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlary gözden geçirdi. Soňra gün gijigip barýandygy üçin, on iki şägirdi bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi.
[12] Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy.
[13] Uzagrakda gür ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan injir tapmazmykam diýip, agaja tarap ýöredi. Onuň ýanyna gelende, ondan ýaprakdan başga hiç zat tapmady, sebäbi injir möwsümi däldi.
[14] Isa agaja: «Goý, mundan beýläk senden hiç kim miwe iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.
[15] Soňra olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga başlady. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi.
[16] Hiç kime ybadathananyň howlusyndan goş gatnatmaga rugsat etmedi.
[17] Isa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi.
[18] Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy.
[19] Agşam düşende, Isa bilen şägirtleri şäherden çykyp gitdiler.
[20] Ir säher bilen geçip barýarkalar, olar şol injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler.
[21] Petrus bolup geçen wakany ýatlap: «Mugallym, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi.
[22] Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa iman ediň.
[23] Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýse-de, onuň diýeni bolar.
[24] Şonuň üçin size diýýärin: doga-dileg edip, Hudaýdan soran her bir zadyňyzy eýýäm alandygyňyza ynanyň, ol size berler.
[25] Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».
[27] Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusynda gezmeläp ýörkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna gelip:
[28] «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu işleri etmäge Saňa kim ygtyýar berdi?» diýip soradylar.
[29] Isa-da olara: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa jogap berseňiz, size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn.
[30] Hany, Maňa aýdyň, Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýdi.
[31] Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer.
[32] Emma ynsandan diýsek…» Olar halkdan gorkýardylar, çünki hemmeler Ýahýany hakyky pygamber saýýardy.
[33] Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.