[1] Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.
[2] Hasyl möwsümi gelende, ol bir hyzmatkärini üzümiň miwesinden alyp gel diýip, kärendeçileriň ýanyna iberýär.
[3] Emma olar ony tutup ýenjýärler we boş kowup goýberýärler.
[4] Üzümçiligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, ony masgara edip iberýärler.
[5] Onsoň ýene bir hyzmatkärini iberýär, olar muny öldürýärler. Ol şeýdip, ençeme hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini öldürýärler.
[6] Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär.
[7] Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler.
[8] Ony tutup öldürýärler-de, üzümçilikden daşary taşlaýarlar.
[9] Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer-de, üzümçiligi başgalara berer.
[10] Siz Mukaddes Ýazgydaky: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy.
[11] Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy näme?»
[12] Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.
[13] Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.
[14] Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.
[15] Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi.
[16] Olar bir teňňe getirdiler. Isa olardan: «Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler.
[17] Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.
[18] Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:
[19] «Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr.
[20] Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýala öýlendi, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi.
[21] Ikinjisi hem şol aýala öýlendi, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy.
[22] Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi.
[23] Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn».
[24] Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi?
[25] Ynsanlar ölümden direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar.
[26] Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi.
[27] Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
[28] Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden Töwrat mugallymlardan biri Isanyň olara jaýdar jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk iň wajyp tabşyryk?» diýip sorady.
[29] Isa: «Iň wajyp tabşyryk şudur: eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.
[30] Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz hem güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň.
[31] Ikinjisi-de şudur: ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý! Bulardan uly tabşyryk bolmaz» diýip jogap berdi.
[32] Ol adam Oňa: «Seniňki dogry, eý, Mugallym! Sen hakykaty sözlediň. Hudaý ýeke-täkdir, Ondan başgasy ýokdur.
[33] Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi.
[34] Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Şalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
[35] Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesih e nädip Dawudyň ogly diýýärler?
[36] Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.
[37] Dawudyň özi Mesih e Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.
[38] Isa halka şeýle öwüt berdi: «Töwrat mugallymlardan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini,
[39] sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar.
[40] Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar».
[41] Isa sadaka gutusynyň garşysynda oturyp, oňa pul atýan halky synlaýardy. Ençeme baý adamlar guta köp pul atdylar.
[42] Bir garyp dul aýal gelip, guta iki şaý atdy.
[43] Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal guta hemmelerden kän pul atdy.
[44] Beýlekiler özlerinden artanyny atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.