Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:02

[1] Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.

[2] Besalel efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tikdi.

[3] Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular.

[4] Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbag tikip, ony hem berkitdiler.

[5] Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efodyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.

[6] Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar.

[7] Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efodyň eginbagyna dakdy.

[8] Inçe nagyşlar bilen gursakça tikdi. Ony efodyň tikilişi ýaly edip, altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdi.

[9] Gursakçany iki gat edip, inini boýuny bir garyş edip, ony dörtburç şekilinde etdi.

[10] Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş: birinji hatara goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;

[11] ikinji hatara pöwrize, gök ýakut, almaz;

[12] üçünji hatara mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut;

[13] dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy.

[14] Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy.

[15] Gursakça üçin sap altyndan örme zynjyrlar ýasaldy.

[16] Gursakça dakmak üçin, altyndan iki sany gaş öýjügi we iki sany altyn halka ýasap, olary gursakçanyň ýokarky iki ujuna ildirdi.

[17] Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçirdi.

[18] Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny altyn gaş öýjüklere, efodyň öň tarapyndaky eginbaglaryna berkitdi.

[19] Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň iç ýüzündäki iki ujuna, efodyň iç gatyna dakdy.

[20] Altyndan ýene-de iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkitdi. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşendi.

[21] Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy.

[22] Besalel efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tikdi.

[23] Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer goýdy. Bu açyk ýer ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýlady.

[24] Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden nar şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dakdy.

[25] Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary narlaryň arasyndan donuň tutuş etegine dakdy.

[26] Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz başaşa edilip, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş etegine dakyldy.

[27] Olar Harun we onuň ogullary üçin nepis zygyr matadan uzyn köýnekler hem tikdiler

[28] Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler.

[29] Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi.

[30] Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne «Rebbe bagyş edilen» diýen sözleri oýup ýazdy.

[31] Rebbiň Musa buýruşy ýaly, muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna çatdy.

[32] Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar.

[33] Soňra olar mukaddes çadyry Musanyň ýanyna getirdiler, şeýle hem: çadyr we onuň ähli esbaplary, onuň ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary sütünleri we olary saklaýan dabanlary;

[34] goçuň eýlenen derisinden we saýlama deriden ýapynja, tuty;

[35] Äht sandygy we onuň syryklary, gapagy,

[36] hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi;

[37] yşyk üçin sap altyndan çyradan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag;

[38] altyndan edilen sypany, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja;

[39] bürünç gurbanlyk sypasy, onuň bürünçden gözenegi, onuň syryklary we ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni;

[40] haýadyň perdeleri, sütünleri we dabanlary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar.

[41] Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi.

[42] Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler.

[43] Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirilendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.

Müsürden çykyş — Chapters