[1] «Şu hökümleri ysraýyllara ýetir:
[2] Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar.
[3] Eger ol sallah bolup gelse, sallahlygyna hem gider. Eger öýlenen gul gelse, onuň aýaly-da özi bilen gider.
[4] Eger hojaýyny guluna aýal alyp berse we ondan ogul-gyz dogulsa, onuň aýaly, çagalary hojaýyna degişli bolup galar-da, guluň ýeke özi gider.
[5] Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder».
[7] «Bir adam öz gyzyny gyrnak edip satsa, ol gyrnak azatlyga guluň çykyşy ýaly çykyp bilmez.
[8] Eger gyrnak özüni saýlan hojaýynynyň göwnünden turmasa, gyrnagyň maşgalasy ony yzyna satyn alyp biler. Hojaýynyň ony keseki adama satmaga haky ýokdur, sebäbi ol gyrnagyna adalatsyz garapdyr.
[9] Eger hojaýyn ol gyrnagy ogluna gelinlik saýlasa, ol ony öz gyzy ýaly görmelidir.
[10] Eger hojaýyn özüne başga aýal edinse, ol birinji aýalyny hemişeki iýmitinden, geýim-gejiminden ýa-da är-aýallyk hukugyndan mahrum etmeli däldir.
[11] Eger hojaýyn oňa şu üç zady etmese, ol aýal hiç zat tölemezden, azatlyga çykyp biler».
[12] «Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin.
[13] Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler.
[14] Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň.
[15] Kim atasyna-enesine el galdyrsa, ol ölüme höküm edilsin.
[16] Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin.
[17] Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin.
[18] -
[19] Iki adam dawalaşyp, biri beýlekisini daş bilen ýa-da ýumruk bilen ursa, ol hem ölmän galyp, düşekde ýatsa, soňra ol ýene-de aýak üstüne galyp, pişegiň kömegi bilen içeri-daşary girip-çykyp bilse, ony uran adam jezasyz galsyn. Ýöne ol onuň ýitiren wagty üçin tölesin we gowy gutulýança oňa seretsin.
[20] Kim guluny ýa-da gyrnagyny taýak bilen ursa, urlan hem onuň elinden ölse, uran jezalandyrylmalydyr.
[21] Emma ol gul ýa-da gyrnak birki gün ölmän ýaşasa, hojaýyna jeza bermeli däl. Çünki ol gul onuň hususy emlägidir.
[22] Adamlar uruşýan mahaly, göwreli aýala zeper ýetip, çagasy düşse, ýöne başga hiç hili zyýan etmese, oňa azar ýetiren adam ol aýalyň äriniň talap eden zatlaryny kazylaryň tassyklan möçberinde jerime tölemeli.
[23] Eger oňa başga bir ömür howply zyýan ýeten bolsa, onda jan ýerine jan almak bilen;
[24] göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen;
[25] ýanyk ýerine ýanyk, ýara ýerine ýara, gök ýerine gök salmak bilen jeza berilsin.
[26] Hojaýyn guluny ýa-da gyrnagyny urup, gözüni kör etse, gözüniň öwezine ony azat etsin.
[27] Eger-de kim guluny ýa-da gyrnagyny urup, dişini döwse, döwlen dişiň öwezine ony azat etsin».
[28] «Eger bir öküz bir erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda ol öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eti hem iýilmesin. Öküziň eýesi bolsa günäkär saýylmasyn.
[29] Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, ony eýesine duýdursalar, emma ol adam şonda-da öküzine göz-gulak bolmasa we ol öküz erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eýesi bolsa ölüme höküm edilsin.
[30] Eger öküziň eýesinden hun talap edilse, ol özünden talap edilen huny doly töläp, öz janyny gutaryp biler.
[31] Eger gara mal oglany ýa-da gyzy süsüp öldürse, oňa garşy hem şuňa meňzeş kanun ulanylsyn.
[32] Eger öküz guly ýa--da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin.
[33] Bir adam çukuryň üstüni açsa ýa-da çukur gazyp üstüni örtmese we oňa öküz ýa-da eşek gaçsa,
[34] çukury gazan adam ýetirilen zyýany tölesin. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galsyn.
[35] Bir adamyň öküzi başga biriniň öküzini süsüp öldürse, onda olar diri öküzi satyp, onuň bahasyny deň bölüşmeli. Ölen maly hem deň ikä paýlamaly.
[36] Eger öküziň süsekdigi ozaldan belli bolup, ony eýesine duýdursalar, eýesi şonda-da oňa göz-gulak bolmasa, ol öküziň öwezine öküz bermelidir. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galmalydyr».