[1] Şundan soň Reb Musa: «Faraonyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men faraony we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim.
[2] Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.
[3] Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
[4] Eger sen Meniň halkymy goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men ertir seniň ýurduňa çekirtge ibererin.
[5] Çekirtgeler ýeriň ýüzüni örterler, olardan ýaňa ýeriň ýüzi görünmez. Doly ýagandan soňky galan zatlaryňyzy we meýdandaky ösüp oturan ähli agaçlaryňyzy çekirtgeler iýerler.
[6] Seniň öýleriň, ähli emeldarlaryňyň we tutuş müsürlileriň öýleri çekirtgeden dolar. Dünýä ineli bäri, şu güne çenli şeýle zady siziň ata-babalaryňyz hem gören däldir“». Soňra Musa yzyna öwrülip, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
[7] Faraonyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler.
[8] Şeýdip, Musa bilen Haruny yzyna, faraonyň ýanyna çagyrdylar. Faraon olara: «Gidiň-de, Hudaýyňyz Rebbe ybadat ediň! Ýöne sizden kimler gider?» diýip sorady.
[9] Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi.
[10] Faraon olara: «Siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken.
[11] Ýok! Rebbe ybadat etmäge diňe erkekleriňiz gider, siziň öz islegiňiz hem şudy ahyryn» diýdi. Soňra Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan kowuldylar.
[12] Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi.
[13] Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi.
[14] Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz.
[15] Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady.
[16] Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim.
[17] Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.
[18] Şeýdip, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi.
[19] Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän ýele öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňze getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady.
[20] Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.
[21] Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi.
[22] Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsür ýurdy üç günläp garaňka gaplandy.
[23] Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.
[24] Soň faraon Musany ýanyna çagyrdyp, oňa: «Baryň, gidip, Rebbe ybadat ediň. Çagalaryňyz hem siziň bilen gidibersin, ýöne diňe sygyrlaryňyz bilen dowarlaryňyz bärde galsyn» diýdi.
[25] Emma Musa: «Sen Hudaýymyz Rebbe mal-garalarymyz bilen sadakalarymyzdyr ýakma gurbanlyklarymyzy bermäge-de rugsat etmelisiň.
[26] Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi.
[27] Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.
[28] Soňra faraon Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi.
[29] Musa hem oňa: «Aýdyşyň ýaly bolar! Men indi hiç haçan seniň gözüňe görünmerin» diýdi.