Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:46

[1] Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.

[2] Harun olara: «Aýallaryňyzyň, ogullaryňyzyň we gyzlaryňyzyň gulaklaryndaky altyn halkalary aýryp, maňa getirip beriň» diýdi.

[3] Şeýlelikde, olaryň hemmesi gulaklaryndan altyn halkalaryny aýryp, Haruna getirip berdiler.

[4] Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Adamlar muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler.

[5] Harun muny görende, onuň öňünde gurbanlyk sypasyny ýasady we jar edip: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýdi.

[6] Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.

[7] Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy.

[8] Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler».

[9] Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm.

[10] Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.

[11] Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?

[12] Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme.

[13] Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň».

[14] Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.

[15] Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy.

[16] Bu ýasy daşlar Hudaýyň işidi. Ýasy daşlaryň ýüzündäki oýulyp ýazylan ýazgylar Hudaýyň ýazgylarydy.

[17] Ýeşuwa halkyň gygyryşýan gykylygyny eşidip, Musa: «Düşelgeden urşuň sesi gelýär» diýdi.

[18] Emma Musa: «Bu ses ýeňijileriň sesem däl, ýeňlenleriňki hem däl. Bu eşidýänimiz aýşy-eşretiň sesidir!» diýdi.

[19] Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy.

[20] Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eretdi, soň ony külkeläp, suwa gardy-da, ondan ysraýyllara içirdi.

[21] Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi.

[22] Harun oňa: «Jenabym, maňa gaharyň gelmesin, bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä.

[23] Olar maňa: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler.

[24] Şeýdip, men olardan kimde altyn bar bolsa, maňa getirip bermegini soradym. Olary alyp, otda eretdim, ondan hem şu göle emele geldi!» diýdi.

[25] Musa Harunyň bu halky başyna goýberendigini gördi, olar duşmanlarynyň öňünde gülküdiler.

[26] Soňra Musa düşelgäniň girelgesinde durup: «Kimde-kim Rebbiň tarapynda bolsa meniň ýanyma gelsin!» diýdi. Ähli lewiler onuň daşyna üýşdi.

[27] Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi.

[28] Lewiler Musanyň buýruşy ýaly etdiler. Şol gün üç müňe golaý adam heläk boldy.

[29] Musa lewilere: «Şu gün siz Rebbiň gullugyna bellendiňiz. Her biriňiz öz ogluňyzy we garyndaşyňyzy öldürip, bu gün siziň özüňiz ýalkandyňyz» diýdi.

[30] Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki, sizi günäňizden sapladyp bilerin» diýdi.

[31] Şeýdip, Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi.

[32] Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.

[33] Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn.

[34] Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.

[35] Şeýlelikde, Reb halkyň üstünden betbagtçylyk inderdi, sebäbi olar Haruna göle ýasatdyrypdylar.

Müsürden çykyş — Chapters