[1] Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.
[2] Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun.
[3] Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn.
[4] Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin.
[5] Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin.
[6] Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar.
[7] Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar.
[8] Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun.
[9] Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň.
[10] Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň.
[11] Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar.
[12] Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun.
[13] Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň.
[14] Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň.
[15] Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat.
[16] Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun.
[17] Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin.
[18] Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap,
[19] şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban bolsun.
[20] Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň.
[21] Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden dabany bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban bejert.
[22] Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň.
[23] Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň.
[24] Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin.
[25] Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden dabany bolsun.
[26] Akasiýa agajyndan syryklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş syryk,
[27] beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar.
[28] Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän syryk çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir.
[29] Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Syryklary hem altyna gaplat.
[30] Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur.
[31] Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.
[32] Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany daban hem ýasaň.
[33] Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn.
[34] Iň mukaddes otagdaky Äht sandygynyň gapagyny getirip goý.
[35] Hantagtany tutynyň daş tarapynda, çadyryň demirgazyk tarapynda goý. Çyradany bolsa hantagtanyň garşysynda, çadyryň günorta tarapynda goý.
[36] Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn.
[37] Bu ýapynja üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, olary altyna gaplat. Olaryň ildirgiçleri hem altyndan bolsun we olar üçin bürünçden bäş sany daban ýasat.