[1] Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.
[2] Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik.
[3] Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler.
[4] Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde,
[5] altyn, gök, badam, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr mata ulansynlar.
[6] Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler.
[7] Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbagy bolup, ol hem berkidilsin.
[8] Efodyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efodyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin.
[9] Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz.
[10] Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz.
[11] Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt.
[12] Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.
[13] Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa.
[14] Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit.
[15] Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik.
[16] Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun.
[17] Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;
[18] ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz;
[19] üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut;
[20] dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn.
[21] Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.
[22] Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa.
[23] Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak.
[24] Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir.
[25] Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efodyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit.
[26] Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efodyň içki gatyna dak.
[27] Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin.
[28] Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar.
[29] Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn.
[30] Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer.
[31] Efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik.
[32] Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla.
[33] Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun.
[34] Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin.
[35] Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňjagazlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez.
[36] Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz.
[37] Bu bezegi gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit.
[38] Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar.
[39] Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik.
[40] Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik.
[41] Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et.
[42] Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara nepis zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik.
[43] Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.