[1] Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň.
[2] Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.
[3] Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.
[4] Halk bu ýakymsyz sözleri eşidip ýas tutdy, hiç kim şaý-sep dakynmady.
[5] Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi.
[6] Şol sebäpli ysraýyllar şaý-sep dakynmalaryny goýdular. Olar Horep dagyndan çykyp gaýtdylar.
[7] Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi.
[8] Musa her gezek çadyra tarap ýörän wagty, ähli halk ýerinden turup, dik durardy. Musa tä çadyryň içine girýänçä, olaryň hersi öz çadyrlarynyň girelgesinde, onuň yzyndan seredip durardylar.
[9] Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi.
[10] Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler.
[11] Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy.
[12] Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.
[13] Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr».
[14] Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.
[15] Musa hem Oňa: «Eger Sen biziň bilen gitmeseň, onda bizi bu ýerden gitmeli etme.
[16] Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.
[17] Reb Musa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi.
[18] Musa: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi.
[19] Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.
[20] Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi.
[21] Reb sözüni dowam edip: «Ine, Meniň gapdalymdaky şu gaýanyň üstünde dur.
[22] Meniň şöhratym geçýänçä, Men seni gaýanyň jaýrygynda goýjak we Men geçýänçäm, seni elim bilen büräp duraryn.
[23] Soňra Men elimi aýraryn welin, sen Meniň arkamy görüp bilersiň. Emma Meniň ýüzüm görülmeli däldir» diýdi.