[1] Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip,
[2] ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal--erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.
[3] Ol Damaska ýetip barýarka, birdenkä asmandan bir parlak nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy.
[4] Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.
[5] Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň. Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi.
[7] Şawul bilen barýan adamlar duran ýerlerinde doňup galdylar. Olar sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler.
[8] Ýerinden turup, Şawul gözüni açanda, hiç zat görüp bilmedi. Ony elinden tutup, Damaska idip getirdiler.
[9] Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi.
[10] Damaskda Isanyň Hanany atly bir şägirdi bardy. Reb Isa oňa görnüp: «Eý, Hanany!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Rebbim!» diýip jogap berdi.
[11] Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry atly köçä bar-da, Ýudasyň öýünden tarsusly Şawul diýen adamy sora. Häzir ol doga-dileg edýär.
[12] Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi».
[13] Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.
[14] Seniň yzyňa eýeren her bir adamy tussag etmäge onuň bu ýerde-de ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar haty bar».
[15] Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.
[16] Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.
[17] Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.
[18] Şol pursatda gözlerinden perde syrylan dek, Şawulyň gözleri açyldy. Ol ýerinden turup, Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.
[19] Soňra naharlanyp, gaýtadan kuwwatlandy. Şawul birnäçe günläp Damaskda şägirtleriň ýanynda galdy.
[20] Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.
[21] Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler.
[22] Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesih digini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.
[23] Ençeme günden soň, ýahudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler.
[24] Ýöne olaryň dildüwşügi Şawula belli boldy. Olar ony öldürmek üçin gije-gündiz şäher derwezelerini garawullaýardylar.
[25] Şägirtler bolsa gijäniň bir wagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler.
[26] Şawul Iýerusalime gelip, şägirtlere goşulmaga synanyşdy, emma şägirtleriň hemmesi ondan gorkýardy. Şawulyň Isanyň şägirdidigine ynanmadylar.
[27] Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi.
[28] Şeýlelikde, Şawul olaryň ýanynda galdy we Iýerusalimiň ähli ýerinde Isanyň ady bilen batyrgaý wagyz etdi.
[29] Ol grekçe gepleýän ýahudylar bilen söhbet edip, olar bilen jedelleşýärdi. Onsoň olar Şawuly öldürmegiň kastyna çykdylar.
[30] Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar.
[31] Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.
[32] Ähli ýerlere aýlanyp ýören Petrus Lidadaky imanlylary hem görmäge geldi.
[33] Ol ýerde Petrus Eneý atly bir adama sataşdy. Eneý sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatyrdy.
[34] Petrus oňa: «Eneý, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýeriňden tur-da, ýorgan-düşegiňi ýygna!» diýdi. Ol hem şobada ýerinden turdy.
[35] Lidada we Şaron düzlüginde ýaşaýanlaryň hemmesi Eneýi görüp, Rebbi iman etdiler.
[36] Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.
[37] Şol günlerde ol keselläp, aradan çykdy. Onuň jesedini ýuwup, ýokarky gatdaky otagda goýdular.
[38] Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler.
[39] Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.
[40] Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy.
[41] Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.
[42] Bu habar bütin Ýafo ýaýrap, köp adam Reb Isa iman etdi.
[43] Petrus ençeme günläp Ýafoda, Simun atly bir deri eýleýjiniňkide galdy.