[1] Festus welaýata häkim bolup gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi.
[2] Ol ýerde ýolbaşçy ruhanylar bilen ýahudy baştutanlary Festusa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler.
[3] Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler.
[4] Festus olara şeýle jogap berdi: «Pawlus Kaýsariýada tussaglykda, men hem basym ol ýere gitjek.
[5] Araňyzdaky ýolbaşçylar meniň bilen bile barsynlar. Eger Pawlus bir ýaman iş eden bolsa, goý, ony aýyplasynlar».
[6] Festus olaryň ýanynda sekiz-on gün bolup, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün ol kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy.
[7] Pawlus içeri girende, Iýerusalimden gelen ýahudylar onuň daşyna üýşüp, ony aýyplap başladylar, emma öz aýyplamalaryny subut edip bilmediler.
[8] Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi.
[9] Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady.
[10] Emma Pawlus: «Men imperatoryň kazylyk kürsüsiniň öňünde durun, maňa şu ýerde kazylyk edilmelidir. Men ýahudylara garşy hiç bir ýamanlyk eden däldirin, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň.
[11] Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi.
[12] Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaň barada imperatora arz etdiň, imperatoryň ýanyna-da gidersiň» diýdi.
[13] Birnäçe gün geçenden soň, Agrip patyşa öz uýasy Bernik bilen Festusy gutlamak üçin, Kaýsariýa geldi.
[14] Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar.
[15] Men Iýerusalimdekäm, ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary, ýaşululary onuň üstünden şikaýat edip, ony jezalandyrmagymy haýyş etdiler.
[16] Men olara: „Rimlileriň adaty boýunça hiç kim sorag edilmezden jezalandyrmak üçin şikaýatçynyň eline tabşyrylmaýar. Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirip, oňa ýöňkelýän aýyp babatda özüni goramaga mümkinçilik berilýär“ diýip jogap berdim.
[17] Aýyplaýjylar bu ýere üýşenlerinde bolsa, men wagty elden bermän, ertesi gün kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdym.
[18] Emma onuň garşysyna geplän şikaýatçylar oňa meniň garaşan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler.
[19] Muňa derek olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölüp giden, emma Pawlusyň diri diýýän adamy barada jedelleri bar eken.
[20] Men bu meseläni nähili çözsemkäm diýip agyr ýagdaýa düşdüm. Pawlusdan Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüne kazylyk edilmegine razydygyny ýa-da däldigini soradym.
[21] Emma Pawlus dawasyny imperatoryň çözmegini, oňa çenli tussaglykda bolmagyny isledi. Şonuň üçin ony imperatoryň ýanyna ýollaýançam, tussaglykda saklamagy buýurdym».
[22] Agrip Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Festus hem: «Ony ertir diňlärsiň» diýdi.
[23] Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.
[24] Festus şeýle diýdi: «Eý, patyşa Agrip we bu ýerdäki ähli jenaplar! Siz bu adamy görýäňizmi? Iýerusalimdäki we bu ýerdäki ähli ýahudylar onuň üstünden maňa şikaýat edip: „Ol mundan artyk ýaşamaly däl!“ diýip gygyryşdylar.
[25] Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim.
[26] Ol hakda onuň alyjenabyna ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý, Agrip şa, seniň huzuryňa çykardym. Bu meselä seredenimizden soň, munuň netijesinde ýazmaga bir zatlar tapmagym ahmal.
[27] Sebäbi tussaga garşy ýöňkelýän aýyplamalary görkezmezden, ony imperatoryň ýanyna ýollamaklyk maňa manysyz görünýär».