Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:11

[1] Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler.

[2] Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.

[3] Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi.

[4] Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler.

[5] Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler.

[6] Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar.

[7] Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.

[8] Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady.

[9] Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi.

[10] Beýle bolsa, näme üçin ata-babalarymyzyň we özümiziň göterip bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna salýaňyz? Hudaýy synajak bolýarsyňyzmy?

[11] Ýok! Biz özümiziň hem, olaryň hem Rebbimiz Isanyň merhemeti bilen halas bolýandygymyza ynanýarys».

[12] Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.

[13] Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!

[14] Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.

[15] Pygamberleriň sözleri-de bu aýdylanlar bilen gabat gelýär. Ine, onda şeýle ýazylan:

[16] „Mundan soň Men dolanyp gelip, Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin. Weýran bolan ýerlerini oňaryp, ony täzeden bina ederin.

[17] Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn, Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin. Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,

[18] bular gadymdan mälimdir“.

[19] Şonuň hem Hudaýy kabul edýän keseki milletlere kynçylyk döretmeli däl diýen karara geldim.

[20] Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.

[21] Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».

[22] Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.

[23] Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.

[24] Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik.

[25] Şonuň üçin hem aramyzdan birnäçe adamy saýlap, olary eziz dostlarymyz Barnap we Pawlus bilen bile siziň ýanyňyza ýollamagy bir agyzdan karar etdik.

[26] Bular Rebbimiz Isa Mesih e gulluk etmek üçin janyny orta goýan adamlardyr.

[27] Şeýlelikde, biz Ýudas bilen Silasy ýollaýarys, olar biziň ýazanlarymyzy dil üsti bilen tassyklarlar.

[28] Biz Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygynda şu wajyp talaplardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi makul gördük:

[29] butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».

[30] Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antiýoha gelip, imanlylary üýşürdiler-de, haty gowşurdylar.

[31] Imanlylar hatdaky ruhlandyryjy habary okap, şat boldular.

[32] Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.

[33] Birnäçe wagt ol ýerde bolanlaryndan soňra, doganlar olary resullaryň ýanyna sag-salamat ugradyp goýberdiler.

[35] Pawlus we Barnap hem Antiýohda galdylar. Olar başgalar bilen birlikde halka sapak öwredip, Reb Isa hakyndaky Hoş Habary wagyz etdiler.

[36] Birnäçe günden soň Pawlus Barnaba: «Indi Rebbiň Hoş Habaryny wagyz eden şäherlerimize dolanyp baraly, ol ýerdäki doganlarymyzy görüp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi.

[37] Mark diýlip atlandyrylýan Ýohannany-da Barnap özleri bilen äkitmek isleýärdi.

[38] Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi.

[39] Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi.

[40] Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler.

[41] Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.

Resullar — Chapters