[1] Biz kenara sag-aman çykanymyzdan soň, bu adanyň adynyň Maltadygyny bildik.
[2] Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.
[3] Pawlus bir üýşmek odun çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy.
[4] Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler.
[5] Emma Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi.
[6] Adamlar onuň çişmegine ýa-da birdenkä ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Emma köp garaşyp, oňa hiç zat bolmandygyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol hudaýdyr!» diýişdiler.
[7] Ol ýeriň golaýynda adanyň Publiý atly başlygynyň mülki bardy. Publiý bizi myhman alyp, üç günläp ýürekden hyzmat etdi.
[8] Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi.
[9] Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar.
[10] Olar bize köp sylag-hormat etdiler. Ýola ugramakçy bolanymyzda, bize zerur ähli zatlary getirip, gämä ýüklediler.
[11] Üç aýdan soň, biz Ekiz hudaýlar atly gämi bilen deňze çykdyk. Bu gämi Isgenderiýadan gelip, gyşda şol adada galypdy.
[12] Biz Sirakus şäherine baryp, ol ýerde üç gün galdyk.
[13] Ol ýerden aýlanyp, Regiýa gelip ýetdik. Ertesi gün günorta şemaly öwsüp başlady. Munuň kömegi bilen iki günde Puteýol şäherine ýetdik.
[14] Ol ýerde birnäçe doganlary tapdyk. Olar bizden ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler we biz ol ýerde iki hepde galdyk. Şondan soň biz Rime geldik.
[15] Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.
[16] Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.
[17] Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym.
[18] Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, sebäbi meni öldürmäge hiç bir esas tapmadylar.
[19] Emma ýahudylar garşy çykanlarynda, men dawamy imperatora arz etmäge mejbur boldum. Beýtmek bilen men öz halkymy aýyplamakçy däldirin.
[20] Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».
[21] Olar Pawlusa şeýle diýdiler: «Biz sen hakda Ýahudyýadan hiç bir hat almadyk, ol ýerden gelen doganlarymyzdan hem hiç kim sen barada ýagşydan-ýamandan hiç zat habar bermedi.
[22] Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».
[23] Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.
[24] Käbirleri onuň sözlerine ynandy, käbiri ynanmady.
[25] Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr:
[26] „Bar-da, bu halka şeýle diý: Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.
[27] Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.
[28] Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».
[30] Pawlus kireýine alan jaýynda tutuş iki ýyl ýaşady we ýanyna gelenleriň hemmesini kabul etdi.
[31] Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.