[1] «Eý, doganlar, atalar! Indi meniň özümi aklap aýtjak sözüme gulak asyň».
[2] Adamlar onuň arameýçe gepleýändigini eşidip, seslerine suw sepilen ýaly boldular. Pawlus sözüni dowam etdi:
[3] «Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.
[4] „Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-‑erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym.
[5] Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm.
[6] Günorta wagty Damaska golaýlap barýarkam, birdenkä asmandan parlak nur daş-töweregime ýagty saçdy.
[7] Men ýere ýykyldym. Şol wagt: „Şawul, Şawul, näme üçin sen Maňa azar berýärsiň?“ diýen sesi eşitdim.
[8] Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Ol maňa: „Men seniň azar berýän nasyraly Isaň“ diýip jogap berdi.
[9] Meniň ýanymdakylar şöhläni görüp gorkdular, emma meniň bilen gepleşen sese düşünmediler.
[10] Men: „Ýa Reb! Men näme etmeli?“ diýip soradym. Ol hem maňa: „Ýeriňden tur-da, Damaska git. Näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar“ diýdi.
[11] Ýaňky nuruň ýalkymyndan ýaňa gözlerim kör boldy. Şonuň üçin ýanymdaky ýoldaşlarym Damaska meni idip äkitdiler.
[12] Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.
[13] Ol meniň ýanyma gelip: „Şawul dogan! Goý, gözleriň ýene açylsyn!“ diýdi. Meniň gözlerim şol pursatda açylyp, ony gördüm.
[14] Hanany maňa: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy seni saýlady. Ol muny Onuň islegini bilmegiň, Dogry Bolany görüp, owazyny eşitmegiň üçin etdi.
[15] Sen görüp-eşidenleriňi ähli ynsanlara ýaýyp, Onuň üçin şaýatlyk edersiň.
[16] Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi.
[17] Iýerusalime dolanyp gelip, ybadathanada Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy.
[18] Men Rebbim Isany gördüm, Ol maňa: „Tiz bol, dessine Iýerusalimden git, sebäbi olar seniň Men hakdaky şaýatlygyňy kabul etmezler“ diýdi.
[19] Men: „Ýa Rebbim Isa, olar meniň sinagogadan-sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussag edip ýenjenimi gowy bilýärler.
[20] Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim.
[21] Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».
[22] Halk Pawlusy şu ýere çenli diňledi, emma bu sözi eşidenlerinde, batly ses bilen: «Bu adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Ol ýaşamaga mynasyp däl» diýip gygyrdy.
[23] Olar bagyryşyp, egin--eşiklerini silkip, çaň-tozanyny howa kakdylar.
[24] Şonda müňbaşy Pawlusyň gala äkidilmegini buýurdy. Halkyň näme üçin onuň üstüne gygyrýandygyny bilmek üçin, ony gamçylap, soraga çekilmegini isledi.
[25] Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady.
[26] Ýüzbaşy muny eşidip, müňbaşynyň ýanyna baryp: «Näme etjek bolýaň? Bu adam Rim raýaty ahyry» diýip habar berdi.
[27] Şonda müňbaşy Pawlusyň ýanyna gelip: «Maňa aýt, sen Rim raýatymy?» diýip sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi.
[28] Müňbaşy: «Menem! Ýöne men bu raýatlygy köp pul töläp aldym» diýdi. Pawlus: «Men bolsa Rim raýaty bolup doguldym» diýdi.
[29] Ony soraga çekjek bolup duranlar şobada onuň ýanyndan çekildiler. Müňbaşy hem Pawlusyň Rim raýatydygyny bilende, onuň elini-aýagyny bagladany üçin gorkdy.
[30] Müňbaşy ertesi gün ýahudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandyklaryny takyk bilmek isledi. Şonuň üçin Pawlusy azat edip, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýokary mejlisiň ýygnanmagyny buýurdy. Onsoň Pawlusy olaryň huzuryna alyp geldi.