Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:20

[1] Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.

[2] Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna ýygnap, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmegi taşlap, biziň saçak başynda hyzmat etmegimiz dogry däl.

[3] Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.

[4] Biz bolsa özümizi Hudaýa doga-dileg etmäge we Onuň Hoş Habaryny wagyz etmäge bagyş edeliň».

[5] Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.

[6] Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.

[7] Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.

[8] Hudaýyň merhemetinden we gudratyndan doly bolan Stefan halk arasynda ajaýyp mugjyzalardyr alamatlar görkezýärdi.

[9] Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.

[10] Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.

[11] Şonda sinagoga agzalary birnäçe adamy ogrynça yryp, olara: «Bu adamyň Musa we Hudaýa garşy küpür gepländigini eşitdik diýip aýdyň» diýdiler.

[12] Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler.

[13] Olar galp şaýatlary getirdiler. Galp şaýatlar: «Bu adam yzyny üzmän bu mukaddes ybadathana we Mukaddes Kanuna garşy gepleýär.

[14] Onuň aýdyşyna görä, nasyraly Isa bu mukaddes ybadathanany ýok etjekmiş, Musanyň bize beren urp-adatlaryny hem üýtgetjekmiş» diýdiler.

[15] Ýokary mejlisde oturanlar Stefana dikanlap seretdiler we onuň ýüzüniň edil perişdäniň ýüzüne meňzeýändigini gördüler.

Resullar — Chapters