Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:37

[1] Men, resul Pawlus we ýanymdaky doganlarymyň ählisi Galatýadaky imanlylar ýygnagyna şu hat bilen dogaýy salam iberýäris. Meni resullyga ynsanlar däl-de, Isa Mesih we Ony ölümden direlden Ata Hudaý belledi.

[3] Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun.

[4] Atamyz Hudaýyň yradasyna görä, Rebbimiz Isa bizi şu azgyn döwürden halas etmekçi bolup, günälerimiz üçin Özüni gurban etdi.

[5] Oňa ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn!

[6] Men Isa Mesih iň merhemeti bilen sizi çagyran Hudaýdan beýle tiz dänip, başga bir «hoş habary» kabul edişiňize örän haýran galýaryn.

[7] Başga bir Hoş Habar ýokdur. Ýöne käbir adamlar sizi bulaşdyryp, Mesih iň Hoş Habaryny üýtgetjek bolýarlar.

[8] Emma hatda biz ýa-da asmandan inen bir perişde size öň wagyz eden Hoş Habarymyzdan başga bir «hoş habary» wagyz etse, goý, näletli bolsun!

[9] Biziň size ozal aýdanlarymyzy men ýene-de gaýtalaýaryn: kimdir biri size ozal kabul eden Hoş Habaryňyzdan başgasyny wagyz etse, goý, lagnatly bolsun!

[10] Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesih iň hyzmatçysy bolmazdym.

[11] Eý, doganlar, siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: meniň wagyz eden Hoş Habarym ynsandan däldir.

[12] Men ony ynsandan kabul etmedim ýa-da öwrenmedim. Maňa ony Isa Mesih iň hut Özi aýan etdi.

[13] Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim.

[14] Men ýahudy deň-duşlarymyň köpüsinden ýahudylaryň dininde diýseň ilerläpdim. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny saklamakda hem juda yhlaslydym.

[15] -

[16] Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim

[17] ýa-da menden öň resul bolanlary görmek üçin hatda Iýerusalime-de gitmedim. Men Arabystana gidip, soňra ýene Damaska dolandym.

[18] Şondan üç ýyl soň Petrus bilen tanyşmak üçin Iýerusalime gidip, onuňkyda birki hepde boldum.

[19] Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.

[20] Size ýazýanlarymyň bary hakykatdygy babatda men Hudaýyň öňünde güwä geçýärin.

[21] Soňra men Siriýa we Kilikiýa sebitlerine gitdim.

[22] Isa Mesih iň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklary meniň hut özüm bilen tanyş däldiler.

[23] Olar men barada: «Birwagt bizi yzarlap, ýok etmekçi bolan imanyny indi özi wagyz edýär» diýen habary eşidipdiler.

[24] Olar Hudaýyň meni özgerdenini görüp, Ony şöhratlandyrdylar.

Galatýalylar — Chapters