Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:06

[1] Isa Mesih bizi azat etmek üçin boşatdy. Şonuň üçin-de berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.

[2] Gulak goýuň! Ine, men, Pawlus, size şuny diýýärin: eger siz özüňizi sünnetletmäge ýol berseňiz, onda Mesih iň edenleri siziň üçin kör köpükdir.

[3] Özüni sünnetletmäge ýol beren her bir adama men ýene-de bir gezek şuny mälim edýärin: ol tutuş Mukaddes Kanuny berjaý etmäge borçludyr.

[4] Eý, özüni Mukaddes Kanun arkaly aklamakçy bolýanlar! Siz Mesih den aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.

[5] Biz bolsa Mukaddes Ruha daýanyp, umyt baglaýan aklanmamyza iman bilen garaşýandyrys.

[6] Çünki Isa Mesih e degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.

[7] Siz şeýle oňat gadam urýardyňyz ahyryn. Sizi hakykata ynandyrmajak bolup, kim siziň gadamyňyza badak saldy?

[8] Sizi bu ynandyrma çagyrýan Hudaýdan däldir!

[9] Ujypsyz hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýandyr.

[10] Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker.

[11] Eý, doganlarym! Eger men heniz-de sünnetlenilmäni wagyz edýän bolsam, onda men näme üçin yzarlanýarkam?! Eger dogrudan-da şeýle bolýan bolsa, onda Isanyň haçy babatdaky wagzym büdreme daşy bolmazdy.

[12] Sizi bulaşdyrýan adamlar, goý, öz-özlerini düýbünden agta edäýsin!

[13] Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.

[14] Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.

[15] Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.

[16] Size şuny aýdasym gelýär: Mukaddes Ruhuň ýörelgesinden ýöräň. Şonda siz ynsan höweslerine eýermersiňiz.

[17] Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.

[18] Emma siz Mukaddes Ruha eýerýän bolsaňyz, Kanuna görä ýaşamaga borçly dälsiňiz.

[19] Ynsan höwesleriniň netijesi bellidir. Olar zynahorlyk, haramlyk we azgynlykdyr;

[20] butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik

[21] we bahyllyk; serhoşlyk, azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.

[22] Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,

[23] ýumşaklyk, özüňe erk edip bilmeklik. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.

[24] Isa Mesih e degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.

[25] Mukaddes Ruh bize täze ýaşaýyş berýär. Şoňa görä-de, geliň Oňa eýereliň.

[26] Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.

Galatýalylar — Chapters