[1] Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.
[2] Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesih iň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.
[3] Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.
[4] Her kim öz edýän hereketlerini derňesin. Her kes özüne düşen ýüki özi götersin. Şonda ol özüni başgalar bilen deňeşdirmezden, özüne guwanyp biler.
[6] Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn.
[7] Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr.
[8] Öz höweslerini kanagatlandyrmak isleýän özüni weýran eder. Emma Mukaddes Ruhy kanagatlandyrmak isleýän baky ýaşaýşy alar.
[9] Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.
[10] Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.
[11] Ine, size öz elimiň şeýle uly harplar bilen ýazýanyny görüň!
[12] Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesih iň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.
[13] Emma sünnetlenmäniň tarapdarlarynyň özleri-de Mukaddes Kanuny berjaý edýän däldir. Olar siziň sünnetlidigiňiz babatda magtanmak üçin, sizi sünnetletjek bolýarlar.
[14] Men bolsa Rebbimiz Isa Mesih iň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.
[15] Çünki ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir.
[16] Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!
[17] Mundan beýläk hiç kim maňa şu zatlar babatda azar bermesin! Sebäbi meniň bedenimde Isa Mesih e degişlidigimi görkezýän ýara yzlary bardyr.
[18] Eý, doganlarym! Goý, Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti size ýar bolsun. Omyn!