Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:59

[1] Men size şuny hem aýdaýyn: mirasdüşer tutuş mülküň hojaýyny bolsa-da, çagalyk döwründe guldan hiç tapawudy ýokdur.

[2] Ol atasynyň bellän wagtyna çenli dolandyryjynyň we ynamdar adamlaryň gözegçiliginde bolýandyr.

[3] Biz hem çaga ýaly bolanymyzda, bu dünýäniň esasy ýörelgeleriniň guludyk.

[4] Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady.

[5] Bularyň bary Mukaddes Kanunyň guly bolup ýaşaýanlaryň azat bolmagy üçin, biziň-de ogullygyň ähli hukuklaryny alyp bilmegimiz üçin edildi.

[6] Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.

[7] Şunlukda, siz indi gul däl-de, Hudaýyň ogullarysyňyz. Ogul bolanyňyz üçin, Hudaý sizi Özüniň mirasdüşeri edýändir.

[8] Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlaryň guludyňyz.

[9] Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?

[10] Siz dini baýramlara: mukaddes günlere, Täze Aý baýramlaryna, pasyl baýramlaryna we ýyllara üns berýärsiňiz ahyryn!

[11] Men siz babatda uly alada galýaryn. Eýsem meniň zähmetim biderek bolaýarmyka?

[12] Eý, doganlarym, ýalbarýaryn: men ýaly boluň! Sebäbi men hem siz ýaly bolandyryn. Siz maňa hiç nähaklyk etmediňiz.

[13] Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr.

[14] Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesih iň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz.

[15] Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä!

[16] Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?

[17] Käbir dogansumaklar betpällerine eýerip, sizi bizden aýryp, öz taraplaryna çekmäge jan edýärler. Olar diňe özleri babatda yhlasly bolmagyňyzy isleýärler.

[18] Ýagşylyk üçin diňe men ýanyňyzdakam däl, eýsem hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr.

[19] Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesih iň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.

[20] Wah, edil şu wagt siziň ýanyňyzda bolup, äheňimi üýtgetsedim! Sebäbi men sizi şeýle alada edýärin!

[21] Eý, Mukaddes Kanuna görä ýaşamakçy bolýanlar! Men şuny soramakçy: eýsem siz Töwratda ýazylany bilmeýäňizmi?

[22] Töwratda Ybraýymyň iki oglunyň bolandygy barada ýazylgydyr. Olaryň biri gyrnak aýalyndan, beýlekisi bolsa azat aýalyndandy.

[23] Gyrnakdan oglunyň bolmagy adaty bir zatdy. Emma azat aýalyndan bolan ogly berlen wada görä doglupdy.

[24] Bu ýerde meňzetme bardyr. Iki aýal iki ähtiň nyşanydyr. Bir äht Sinaý dagynda edilip, Hajara meňzeýär. Sebäbi ol gul çagalary dünýä indirýär.

[25] Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr.

[26] Emma göklerdäki Iýerusalim azatdyr. Ol biziň enemizdir.

[27] Mukaddes Ýazgylarda: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» – diýip ýazylgydyr.

[28] Eý, doganlarym, indi siz Yshak ýaly wada görä doglan ogullarsyňyz.

[29] Ten boýunça doglan ogul Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly doglan ogly yzarlap, oňa azar beripdi. Häzir hem şeýledir.

[30] Emma Mukaddes Ýazgylar näme diýýär? «Gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly azat aýaldan doglan ogul bilen mirasy paýlaşmaz».

[31] Şunlukda, eý, doganlarym, biz gyrnagyň çagalary däl-de, azat aýalyň çagalarydyrys.

Galatýalylar — Chapters