Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:53

[1] Häzir siziň ýanyňyza üçünji gezek barýandyryn. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «Ähli zat iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn» diýip ýazylandyr.

[2] Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.

[3] Sebäbi siz Mesih iň men arkaly gürleýändigini subut edýän delilleri talap edýärsiňiz ahyryn. Mesih siz bilen iş salşanda ejiz däldir, Ol siziň araňyzda güýçlüdir.

[4] Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesih iň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesih iň ýaşaýşyna hem şärikdiris.

[5] Imanda mäkäm durup-durmaýanlygyňyzy bilmek üçin, özüňizi synap görüň. Eýsem siz Isa Mesih iň araňyzdadygyny bilmeýäňizmi? Ýa-da siz synagdan geçmeýänlerdenmi?

[6] Biziň synagdan geçendigimizi bilersiňiz diýen umydym bar.

[7] Biz siziň ýaman işleri etmezligiňiz üçin Hudaýa doga-dilegler edýäris. Şeýtmek bilen, biz özümizi synagdan geçen hökmünde görkezmek islämzok. Tersine, biz synagdan geçmedik bolup görnäýenimizde-de, siz ýagşy işleri etseňiz, şol ýeterlikdir.

[8] Çünki hakykata garşy çykmaga gaýratymyz ýokdur, biz hakykatyň ugrunda gaýratlydyrys.

[9] Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.

[10] Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.

[11] Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.

[12] Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Hudaýyň bärdäki halky size köp salam aýdýar.

[13] Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti we Hudaýyň söýgüsi hemmäňize ýar bolsun! Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaň!

2 Korintoslylar — Chapters