Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:00

[1] Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem geçirimlilik etsediňiz! Wah, geçirimlilik edýäňiz-le!

[2] Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesih e adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.

[3] Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesih e bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.

[4] Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!

[5] Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin!

[6] Men gepe çeper bolmasam-da, bilime baýdyryn. Biz muny ähli zatda size aýdyň görkezendiris.

[7] Men sizi beýgeltmek üçin, özümi peseltdim, Hudaýyň Hoş Habaryny mugt wagyz etdim. Eýsem şeýle etmek bilen günä galaýdymmykam?

[8] Men size hyzmat etmek üçin, beýleki ýygnaklardan hemaýat puluny alyp, olary talan ýaly boldum.

[9] Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.

[10] Mesih iň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez!

[11] Eýsem men näme üçin size agram salmadym? Sizi söýmeýändigim üçinmi? Ýok, sizi söýýändigime Hudaý şaýatdyr.

[12] Men mundan beýläk-de häzirki edýänlerimi dowam ederin. Sebäbi men özlerini biz bilen des-deň işleýändir öýdüp, magtanmaga pursat agtarýanlara tutaryk bermerin.

[13] Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesih iň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir.

[14] Geň galyp oturasy zat ýok, sebäbi şeýtanyň özi-de nur saçýan perişdäniň keşbine girip bilýändir!

[15] Şoňa görä, onuň ülpetleriniň-de dogrulyk hyzmatkärleriniň keşbine girmegi geň zat däldir. Ýöne olaryň soňy eden işlerine görä bolar.

[16] Ýene-de gaýtalaýaryn: meni akmak saýmaň! Eger saýýan bolsaňyz, meni hem bir akmak hökmünde kabul ediň-de, biraz öwünmäge rugsat ediň.

[17] Elbetde, şindi aýtjaklarym Rebden däl, men bir akmak kimin magtanjakdyryn.

[18] Hawa, menem magtanyp göreýin-ä, sebäbi bu dünýäniň adamlary öwünmegi ýerlikli hasaplaýarlar-a!

[19] Çünki siz akmaklara çydap, olara şeýle geçirimlimişiňiz-ä!

[20] Hawa, siz gul edilýändigiňize, hakyňyzyň iýilýändigine, özüňize zulum edilýändigiňize, tekepbirlere, şapbatlara şeýle çydamly ahyryn!

[21] Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik! Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin.

[22] Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!

[23] Mesih iň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.

[24] Ýahudylardan bäş gezek otuz dokuz gamçy iýdim.

[25] Üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämi heläkçiligine uçradym, bir gije-gündizimi açyk deňizde geçirdim.

[26] Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.

[27] Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym.

[28] Bulardan başga-da, ähli ýygnaklar baradaky gaýgy-aladalar günde üstümi basmarlaýar.

[29] Kimdir biri ejizlände, men hem ejizlemeýärinmi? Kimdir biri günä iteklenende, ýürek-bagrym köýmeýärmi?

[30] Eger magtanmaly bolaýsam-da, öz ejizligim bilen magtanaryn.

[31] Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir.

[32] Damask şäherinde Areta patyşanyň welaýat häkimi meni tussag etmek üçin, şäheri gözegçilik astynda saklaýardy. Emma meni sebede salyp, şäheriň diwaryndaky penjireden aşak salladylar. Şeýdip, onuň elinden halas boldum.

2 Korintoslylar — Chapters