[1] Isa Mesih iň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!
[2] Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
[3] Men her gezek siz barada oýlananymda, Hudaýyma şükür edýärin.
[4] Siziň ähliňiz üçin şatlanyp, elmydama Hudaýa doga-dilegler edýärin.
[5] Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz.
[6] Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesih iň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn.
[7] Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!
[8] Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesih iň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.
[9] Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.
[10] Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesih iň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin.
[11] Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.
[12] Indi bolsa, eý, doganlar, size şulary mälim edesim gelýär: meniň başyma inen külpetler dogrudan-da Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam etdi.
[13] Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy.
[14] Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler.
[15] Hawa, olaryň käbirleri meniň bilen bäsleşip, Isa Mesih baradaky Hoş Habary bahyllykdan wagyz edýärler, käbirleri bolsa ýagşy niýetden wagyz edýärler.
[16] Bular meniň Hoş Habary goramak üçin saýlanandygymy bilip, ony söýgi bilen wagyz edýärler.
[17] Emma beýlekiler Mesih i päk ýürekden däl-de, öz bähbitlerini aramak üçin wagyz edip, tussaglykdaky külpetlerimi artdyrmakçy bolýarlar.
[18] Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesih i wagyz edýärler. Men muňa begenýärin. Hawa, gaýta-gaýta begenerin,
[19] sebäbi doga-dilegleriňiz we Isa Mesih iň Ruhunyň kömegi arkaly bu külpetleriň maňa azatlyk getirjekdigini bilýärin.
[20] Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler.
[21] Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesih dir, ölüm-de bähbitlidir.
[22] Emma ýaşasam, hasylly zähmet çekerin. Şonuň üçin-de haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin.
[23] Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesih iň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;
[24] emma meniň diri galmagym size has-da gereklidir.
[25] Men şu babatda ynamym bolany üçin, diri galjakdygymy bilýärin. Hawa, imanda we onuň berýän şatlygynda ösüp bileriňiz ýaly, men ýene-de siziň araňyzda galaryn.
[26] Şoňa görä-de, men tussaglykdan boşap, ýanyňyza baranymda, siz Isa Mesih iň meniň üçin edenleri babatda has-da köp magtanyp bilersiňiz.
[27] Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesih iň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.
[28] Şeýle-de, özüňize garşy çykýanlardan asla gorkmaýandygyňyzy bilerin. Siziň imanda şeýle berk durmagyňyz olaryň heläk boljakdygyndan, siziň bolsa halas ediljekdigiňizden nyşandyr. Bular Hudaý tarapyndyr.
[29] Çünki size diňe Isa Mesih e iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir.
[30] Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz.