Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:58

[1] Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,

[2] meniň begenjimiň üstüni ýetiriň: pikirdeş boluň, biri-biriňizi söýüň, ruhuňyz we maksadyňyz bir bolsun.

[3] Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.

[4] Her kes diňe öz bähbidini däl, eýsem başgalaryň bähbidini hem arasyn.

[5] Isa Mesih iň garaýyşlary sizde hem bolsun:

[6] Isa Mesih Hudaýyň tebigatyna eýe bolsa-da, ony Özüne dereje saýmady, ondan mäkäm ýapyşmady.

[7] Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip,

[8] ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi.

[9] Şoňa görä Hudaý Ony juda beýgeltdi: Oňa ähli atdan üstün bir ady berdi.

[10] Göklerdäki, ýerdäki, ýer astyndaky her kes Isanyň ady agzalanda dyz eper,

[11] Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesih iň Rebdigini ykrar eder.

[12] Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.

[13] Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.

[14] Her bir zady hüňürdemän, zeýrenmän berjaý ediň.

[15] Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.

[16] Ýaşaýyş berýän Hoş Habary gaýym tutuň. Şonda men biderek ýere yhlas etmändigim, azabymyň puja çykmandygy babatda Mesih iň geljek gününde magtanyp bilerin.

[17] Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.

[18] Şoňa görä, siz hem şatlanyp, meniň şatlygyma şärik boluň.

[19] Rebbimiz Isa ýol berse, ýagdaýlaryňyzy bilip ynjalmak üçin, tiz wagtda ýanyňyza Timoteosy ibererin diýip umyt edýärin.

[20] Timoteos hem edil men ýaly siz babatda şeýle yhlasly, şeýle janypkeş. Ondan başga ibermäge şeýle adamym-da ýok.

[21] Sebäbi köp adamlar Isa Mesih iň däl-de, öz bähbidini araýar ahyryn.

[22] Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.

[23] Şonuň üçin-de, men ýagdaýymyň nähili boljagyny bilen badyma, ony siziň ýanyňyza ibererin diýip umyt edýärin.

[24] Meniň tiz wagtda ýanyňyza barjakdygym babatda Reb meni ynandyrýar.

[25] Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.

[26] Ol siziň ähliňizi örän göresi geldi. Onuň hassalygy barada eşidendigiňizi bilende bolsa, gaty gaýgylandy.

[27] Dogrudan-da, ol ölüm halynda bolup, tas ölüpdi. Emma Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem hasrat üstüne hasrat çekmezim ýaly, maňa hem rehim etdi.

[28] Şoňa görä-de, siz Epafroditi görüp, gaýtadan begenersiňiz, meniň-de gaýgy-hasratym ýeňlär diýip, ony ýanyňyza örän iberesim geldi.

[29] Ony Rebdäki doganyňyz hökmünde uly şatlyk bilen garşylaň. Onuň ýaly adamlary hormatlaň.

[30] Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesih iň işiniň ugrunda tas ölüpdi.

Filipililer — Chapters