Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:56

[1] Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:

[2] şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.

[3] Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!

[4] Eger ynsan güýjüne daýanmaly bolsa, onda bu babatda meniň doly tutarygym bardyr. Eger ýene kimdir biri tene daýanmaga tutarygy bardyr öýtse, meniňki ondan-da köpdür.

[5] Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin.

[6] Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.

[7] Emma öň bähbitli saýan zatlarymy indi Mesih iň hatyrasyna biderek saýýaryn.

[8] Hawa, men Rebbim Isa Mesih i tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesih i gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesih e bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.

[10] -

[11] Men Isa Mesih iň Özüni, Onuň direlişiniň güýjüni bilesim gelýär. Isa Mesih iň jebir-jepalaryna şärik bolup, Oňa Onuň ölüminde meňzäp, ölümden direlişe ýetesim gelýär.

[12] Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.

[13] Eý, doganlar! Men bulary gazanandyryn öýdemok. Emma ýeke-täk şuny welin edýändirin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn.

[14] Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.

[15] Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar.

[16] Biz saýlan ýolumyz bilen öňe tarap gitmeli.

[17] Eý, doganlar! Meniň göreldäme eýerýänlere goşulyň. Biziň göreldämize görä ýaşaýanlara üns berip, olardan öwreniň.

[18] Men ozal muny size gaýta-gaýta aýdypdym. Indi bolsa aglap, ýene aýdýaryn: Mesih iň haçyna duşman bolup ýaşaýanlar köpdür.

[19] Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.

[20] Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesih iň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.

[21] Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.

Filipililer — Chapters