[1] Eý, çagalar, Rebbiň hatyrasy üçin ene-ataňyzyň sözüne gulak asyň, sebäbi bu dogrudyr.
[2] «Ene-ataňa hormat goý, şonda ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ömrüň uzak bolar» – bu Hudaýyň wada bilen beren ilkinji buýrugydyr.
[4] Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.
[5] Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesih iň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň.
[6] Muny diňe olaryň öňünde merhemet gazanmak üçin däl-de, eýsem Mesih iň guly hökmünde Hudaýyň yradasyny ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ediň.
[7] Adamlara däl-de, Rebbe hyzmat edýän kimin tüýs ýürekden hyzmat ediň.
[8] Çünki isle gul bolsun, isle azat, her kimiň öz eden ýagşylygynyň öwezini Rebden aljakdygyny siz bilýänsiňiz.
[9] Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär.
[10] Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.
[11] Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň.
[12] Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.
[13] Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz.
[14] Şeýlelikde, hakykaty biliňize guşak edip dakynyň, dogrulygy egniňize sowut edip geýiň.
[15] Aýagyňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etmek taýynlygyny geýiň.
[16] Bularyň ählisiniň üstesine-de, imany galkan edinip dakynyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.
[17] Şeýle hem gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny ele alyň.
[18] Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.
[19] Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin.
[20] Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.
[21] Meniň ýagdaýymy, näme edýänimi siziň-de bilmegiňiz üçin, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihik size hemme zady gürrüň berer.
[22] Ine, hut şu maksat bilen, biziň ýagdaýymyzy habar bermek, şeýle-de sizi ruhlandyrmak üçin, men ony siziň ýanyňyza iberýärin.
[23] Atamyz Hudaýdan, Rebbimiz Isa Mesih den doganlarymyza parahatlyk, iman we söýgi dileýärin.
[24] Rebbimiz Isa Mesih i ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!