Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:50

[1] Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.

[2] Iňňän pes göwünli hem ýumşak boluň. Sabyr-takatly bolup, mähir-muhabbet bilen biri-biriňize çydaň.

[3] Özara parahatlykda ýaşap, Mukaddes Ruhuň birligini goramaga dyrjaşyň.

[4] Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.

[5] Rebbiňiz-de, imanyňyz-da birdir, siziň hemmäňiz bir maksat bilen çümdürilensiňiz.

[6] Ähli zatdan üstün, ähli zat arkaly we ähli zatda bolan Atamyz Hudaý-da birdir.

[7] Mesih biziň her birimize sahylyk bilen peşgeşler eçildi.

[8] Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol ýokary belentlige çykanda, ýesirleri Özi bilen äkitdi; ynsanlara peşgeşler berdi».

[9] Eýsem «çykanda» diýen söz nämäni aňladýar? Bu Mesih iň ilki aşak – ýer ýüzüne inendigini aňlatmaýarmy näme?

[10] Aşak inen-de, tutuş älem-jahany doldurmak üçin, gökleriň gögüne çykan-da Oldur.

[11] Ine, Mesih iň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.

[12] Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesih iň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr.

[13] Munuň netijesinde hemmämiz imanda bir bolup, Hudaýyň Ogly Mesih i tanap-bilip, Ol ýaly doly kämillige ýeteris.

[14] Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.

[15] Tersine, hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesih ýaly hemmetaraplaýyn kämilleşeris.

[16] Onuň ýolbaşçylygy astynda tutuş beden her bognuň kömegi bilen baglanyp, Oňa birikdirilýär. Her agzanyň kadaly işlemegi netijesinde beden kemala gelip, söýgi arkaly sazlaşykly hereket edýär.

[17] Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.

[18] Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.

[19] Olar ar-namys duýgusyny bütinleý ýitirip, doýmaz-dolmaz boldular, her hili haramlyk edip, azgynçylyga ýüz urdular.

[20] Emma siz Mesih barada öwreneniňizde, beýle zatlary öwrenen dälsiňiz.

[21] Siz Isanyň sözlerini eşidensiňiz we Onuň hakykatyna esaslanyp, tälim alansyňyz.

[22] Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.

[23] Muňa derek oý-pikiriňizde we garaýşyňyzda täzeleniň.

[24] Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň.

[25] Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.

[26] Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.

[27] Iblise orun bermäň.

[28] Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.

[29] Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.

[30] Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.

[31] Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.

[32] Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.

Efesliler — Chapters