[1] Ine, diwar örülip, gapylar ýerine oturdyldy, derwezebanlar, aýdymçylar, lewiler bellendi.
[2] Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.
[3] Men olara şeýle tabşyryk berdim: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezeleri açylmasyn. Gün ýaşan çagy, entek derwezebanlar nobatçylykdan gitmänkäler, gapylary gulplasynlar. Iýerusalimiň ilatyndan garawullar goýuň; olaryň käbiri öz goramaly ýerlerinde we beýlekileri bolsa öz öýleriniň öňünde bolsunlar».
[4] Şäher giň hem uludy, emma onuň içindäki ilat welin azdy, jaýlar salynmandy.
[5] Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy:
[6] Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilenleriň nesillerinden Iýerusalimdäki we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp gelenleri, ine, şulardy:
[7] Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa, Azarýa, Ragamýa, Nahamany, Mordekaý, Bilşan, Misperet, Bigwaý, Nehum we Bagana dagy bilen geldiler. Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sany:
[8] Paroşyň nesilleri: iki müň bir ýüz ýetmiş iki adam;
[9] Şepatýanyň nesilleri: üç ýüz ýetmiş iki adam;
[10] Aranyň nesilleri: alty ýüz elli iki adam;
[11] Ýeşuwanyň we Ýowabyň neslinden – Pahatmowabyň nesilleri: iki müň sekiz ýüz on sekiz adam;
[12] Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam;
[13] Zatunyň nesilleri: sekiz ýüz kyrk bäş adam;
[14] Zakaýyň nesilleri: ýedi ýüz altmyş adam;
[15] Binnuýyň nesilleri: alty ýüz kyrk sekiz adam;
[16] Bebaýyň nesilleri: alty ýüz ýigrimi sekiz adam;
[17] Azgadyň nesilleri: iki müň üç ýüz ýigrimi iki adam;
[18] Adonykamyň nesilleri: alty ýüz altmyş ýedi adam;
[19] Bigwaýyň nesilleri: iki müň altmyş ýedi adam;
[20] Adiniň nesilleri: alty ýüz altmyş bäş adam;
[21] Ateriň, ýagny Hizkiýanyň nesilleri: togsan sekiz adam;
[22] Haşumyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi sekiz adam;
[23] Bezaýyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi dört adam;
[24] Harybyň nesilleri: bir ýüz on iki adam;
[25] Gibgonyň nesilleri: togsan bäş adam;
[26] Beýtullahamyň we Netopanyň ýaşaýjylary: bir ýüz segsen sekiz adam;
[27] Anatodyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi sekiz adam;
[28] Beýtazmawediň ýaşaýjylary: kyrk iki adam;
[29] Kirýatýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň ýaşaýjylary: ýedi ýüz kyrk üç adam;
[30] Ramanyň we Gebanyň ýaşaýjylary: alty ýüz ýigrimi bir adam;
[31] Mikmaşyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi iki adam;
[32] Beýteliň we Aýyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi üç adam;
[33] Beýleki Nebonyň ýaşaýjylary: elli iki adam;
[34] Beýleki Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam;
[35] Harymyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi adam;
[36] Ýerihonyň nesilleri: üç ýüz kyrk bäş adam;
[37] Loduň, Hadydyň we Ononyň nesilleri: ýedi ýüz ýigrimi bir adam;
[38] Senanyň nesilleri: üç müň dokuz ýüz otuz adam.
[39] Ruhanylar: Ýeşuwanyň kowumyndan Ýedaýanyň nesilleri: jemi dokuz ýüz ýetmiş üç adam;
[40] Immeriň nesilleri: bir müň elli iki adam;
[41] Paşhuryň nesilleri: bir müň iki ýüz kyrk ýedi adam;
[42] Harymyň nesilleri: bir müň on ýedi adam;
[43] lewiler: Hodawýanyň nesilleri, ýagny Ýeşuwanyň we Kadmyýeliň nesilleri: ýetmiş dört adam;
[44] aýdymçylar: Asafyň nesilleri bir ýüz kyrk sekiz adam;
[45] derwezebanlar: Şallumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň, Hatytanyň, Şobaýyň nesilleri: bir ýüz otuz sekiz adam;
[46] ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň,
[47] Keýrosyň, Siganyň, Padonyň,
[48] Lebananyň, Hagabanyň, Şalmaýyň,
[49] Hananyň, Gidolyň, Geharyň,
[50] Reýaýanyň, Resiniň, Nekodanyň,
[51] Gazamyň, Uzanyň, Paseýanyň,
[52] Besaýyň, Megunymyň, Nepusymyň,
[53] Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň,
[54] Baslutyň, Mehidanyň, Harşanyň,
[55] Barkosyň, Siseranyň, Temanyň,
[56] Nesiýanyň, Hatypanyň nesilleri;
[57] Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesillerinden: Sotaýyň, Soperetiň, Peridanyň,
[58] Ýaglanyň, Darkonyň, Gidolyň,
[59] Şepatýanyň, Hatylyň, Pokeret Hasebaýymyň we Amonyň nesilleri.
[60] Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy.
[61] Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Immerden çykanlar, ýöne öz uruglaryny, öz aslyny ýa-da özleriniň Ysraýyla degişlidiklerini subut edip bilmedikler şulardy:
[62] Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesilleri: alty ýüz kyrk iki adam;
[63] şeýle hem ruhanylardan: Hobaýanyň nesilleri, Hakosyň nesilleri we gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, olaryň ady bilen atlandyrylan Barzyllaýyň nesilleri.
[64] Bular öz ýazgylaryny nesilleri boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar galp ruhanylar hökmünde ruhanylykdan çykaryldylar.
[65] Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.
[66] -
[67] Ýedi müň üç ýüz otuz ýedi aýaldyr erkek hyzmatkärleri hem-de iki ýüz kyrk bäş erkek we aýal aýdymçylary hasap etmäniňde, ähli halkyň sany kyrk iki müň üç ýüz altmyşdy.
[68] -
[69] Olaryň dört ýüz otuz bäş düýesi we alty müň ýedi ýüz ýigrimi sany-da eşegi bardy.
[70] Käbir urugbaşylar iş üçin peşgeşler berdiler. Häkim hazyna ýigrimi gadak töweregi altyn, elli legen, bäş ýüz otuz laý ruhany eşigini berdi.
[71] Käbir urugbaşylar bolsa gurluşyk gaznasyna sekiz ýarym batman töweregi altyn, altmyş bäş batman kümüş berdiler.
[72] Halkyň galan böleginiň beren zatlary, sekiz ýarym batman töweregi altyn, elli sekiz batman kümüş we altmyş ýedi laý ruhany eşiginden ybarat boldy.
[73] Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we bütin ysraýyl halky öz galalarynda ornaşdylar. Ýedinji aý gelende, ysraýyllaryň hemmesi öz galalaryndadylar.