[1] Hakalýanyň ogly Nehemýa, ine, şulary gürrüň berdi: – Pars patyşasy Artakserksiň patyşalyk etmeginiň ýigriminji ýylynyň Kislew aýynda men Suza galasyndadym.
[2] Doganlarymyň biri bolan Hanany birnäçe adam bilen Ýahudadan geldi. Men olardan ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar hakda we Iýerusalim hakda soradym.
[3] Olar maňa: «Ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.
[4] Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.
[5] Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň.
[6] Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.
[7] Biz Seniň guluň Musa beren tabşyryklaryňy, parzlaryňy, hökümleriňi berjaý etmän, Seniň garşyňa juda erbet iş etdik.
[8] Guluň Musa: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna pytradaryn. Ýöne siz Maňa dolanyp, tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etseňiz, siziň sürgün edilenleriňiz ýeriň aýagujunda bolsa-da, Men olary şol ýerden ýygnap, Öz adymyň mesgen tutmagy üçin saýlan ýerime getirerin“ diýen sözleriňi ýada sal.
[10] Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.
[11] Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.