Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:04

[1] Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.

[2] Halk Iýerusalimde ýaşamaga meýletin isleg bildirenleriň hemmesine ak pata berdi.

[3] Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular.

[4] Ýahuda we benýamin tireleriniň käbirleri Iýerusalimde ýaşadylar. Ýahuda tirelerinden: Zakarýanyň agtygy, Uzyýanyň ogly Ataýa. Onuň ata-babalaryna Peresiň neslinden bolan Amarýa, Şepatýa, Mahalalel degişlidir.

[5] Kolhozeniň agtygy, Barugyň ogly Magaseýa. Onuň ata-babalaryna Hazaýa, Adaýa, Ýoýaryp we Zakarýa degişlidir. Bular Ýahudanyň ogly Şilonyň neslindendi.

[6] Iýerusalimde mesgen tutan Peresiň ähli nesilleri dört ýüz altmyş sekiz edermen urşujylardan ybaratdy.

[7] Benýamin tiresiniň adamlary: Ýogediň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu. Onuň ata-babalaryna Pedaýa, Kolaýa, Magaşeýa, Itiýel we Ýeşagýa degişlidir.

[8] Sallunyň ýakyn garyndaşlary Gabaý hem Sallaý. Jemi dokuz ýüz ýigrimi sekiz benýaminli Iýerusalimde ýaşaýardy.

[9] Zikriniň ogly Ýowel olaryň ýolbaşçysydy. Hasenuwanyň ogly Ýahuda bolsa şäheriň üstünden baştutanlyk edýän ikinji adamdy.

[10] Ruhanylardan: Ýoýarybyň ogly Ýedaýa we Ýakin.

[11] Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly Seraýa. Onuň ata-babalaryna Sadok, Meraýot we Hudaýyň öýüniň baştutany bolan Ahytup degişlidir.

[12] Olaryň Hudaýyň öýüniň işini edýän garyndaşlarynyň jemi sekiz ýüz ýigrimi iki adamdy. Ata-babalary Emasy, Zakarýa, Paşhur we Malkyýa bolan Pelalýanyň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa.

[13] Onuň doganlary, urugbaşylary iki ýüz kyrk ikidi. Azareliň ogly, Ahzaýyň agtygy Emaşsaý. Onuň ata-babalaryna Meşillemot we Immer degişlidir.

[14] Olaryň doganlary bir ýüz ýigrimi sekiz edermen urşujylardy. Olaryň ýolbaşçysy Hagedolymyň ogly Zabdyýeldi.

[15] Lewilerden: Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa. Onuň ata-babalaryna Haşabýa we Buni degişlidir.

[16] Lewileriň baştutanlaryndan bolan, Hudaýyň öýüniň daşarky işlerine seredýän Şabetaý we Ýozabat.

[17] Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy.

[18] Mukaddes şäherde ýaşaýan lewileriň jemi iki ýüz segsen dörtdi.

[19] Derwezebanlar Akup, Talmon we onuň derwezeleri saklaýan doganlary bir ýüz ýetmiş ikidi.

[20] Ysraýylyň, ruhanylaryň we lewileriň galanlary bolsa Ýahudanyň ähli galalarynda, öz mülklerindediler.

[21] Emma ybadathana hyzmatkärleri Ofelde ýaşaýardylar. Siha bilen Gişpa olara ýolbaşçylyk edýärdiler.

[22] Iýerusalimdäki lewileriň ýolbaşçysy Uzydy. Ol Haşabýanyň agtygy, Banynyň ogludyr. Onuň ata-babalaryna Hudaýyň öýünde gulluk edýän aýdymçylardan bolan Asafyň neslinden Matanýa we Mika degişlidir.

[23] Patyşa tarapyndan olara degişli ýörite perman bardy we aýdymçylaryň her güni üçin azyk harjy bellenipdi.

[24] Ýahuda nesliniň Zera urugyndan Meşezabeliň ogly Petahýa halka degişli her bir işde patyşanyň ýanynda wekilçilik edýärdi.

[25] Halkyň köp bölegi obalarda, öz ekin meýdanlarynyň ýanynda ýaşadylar. Ýahuda halkynyň käbirleri Kirýatarbada, Dibonda, Ýekabseýelde we olaryň töweregindäki obalarda ýaşadylar.

[26] Olar şeýle hem Ýeşuwada, Moladada, Beýtpeletde,

[27] Hasarşugalda, Beýerşebada we onuň obalarynda mesgen tutdular.

[28] Olar Ziklag galasynda, Mekonada we onuň golaýyndaky obalarda ýaşaýardylar.

[29] Eýnrimmonda, Sorgada, Ýarmutda,

[30] Zanowada, Adullamda we bu galalaryň ýanyndaky obalarda ýaşaýardylar. Olar Lakyşda, onuň golaýyndaky meýdanlarda, Azekada we onuň obalarynda ýaşaýardylar. Olar Beýerşebadan Hinnom deresine çenli aralykda mesgen tutdular.

[31] Benýamin ogullary, Gebada, Mikmaşda, Aýada, Beýtelde, golaýdaky obalarda,

[32] Anatotda, Nopda we Ananýada,

[33] Hasorda, Ramada we Gitaýymda,

[34] Hadytda, Sebogymda we Neballatda,

[35] Lotda, Onoda we Hünärmentler deresinde mesgen tutdular.

[36] Ýahudada ýaşaýan lewileriň käbir toparlary benýaminlere goşuldylar.

Nehemýa — Chapters