[1] Reb Musa şeýle diýdi:
[2] «Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.
[3] Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[4] Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[5] Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, ony kada laýyklykda beriň.
[6] Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn.
[7] Eger et üçünji gün iýilse, ol haramdyr we siziň gurbanlygyňyz kabul bolmaz.
[8] Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe bagyş edilen zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
[9] Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetindäkilerini ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň.
[10] Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[11] Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.
[12] Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin.
[13] Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.
[14] Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Men Rebdirin.
[15] Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar.
[16] Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, adalatsyz höküm zerarly ildeşiňe howp abanýan bolsa, şaýat onuň arkasynda dursun. Men Rebdirin.
[17] Ýüregiňde ildeşiňi ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň.
[18] Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.
[19] Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy başga görnüşdäki mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
[20] Eger bir adam başga birine adaglanan, yzyna satyn alynmadyk ýa-da azat edilmedik gyrnak bilen ýatsa, onda olaryň ikisine-de jeza berilsin, ýöne öldürilmesin. Çünki bu gyrnak azat edilen däldir.
[21] Ol adam özi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin.
[22] Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlygynyň goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.
[23] Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň.
[24] Dördünji ýyl bolsa hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin.
[25] Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[26] Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.
[27] Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň.
[28] Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin.
[29] Gyzlaryňyzy loluçylyga satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorlyga berlip, ol azgynlykdan dolar.
[30] Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Men Rebdirin.
[31] Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[32] Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.
[33] Ýurduňyzda öz araňyzda ýaşaýan gelmişeklere sütem etmäň.
[34] Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[35] Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň.
[36] Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[37] Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin“».